Bagt,Kesel we Söýgi. Maýyp oglan söýýär bir gözel gyzy, Ady Köňül eken görkli enaýy,

 

Dowamyn okalyň ýazjaklarymyň,
Gyz bolarmy soňunda oglana razy.

Ol gyzyň bar eken erbet gylygy,
Oglany görende bolýar ulumsy,
Oglan maýyplygyna şükürler edip,
Dileýär Hudaýdan ajaýyp bagty.

Oglanyň keseli ýürekden çeken,
Kesel ýüze çykýar emma giç eken,
Aşygy-magşugy barmyş ozallar,
Söýenide şol keselli dünýeden öten.

Dogry hemme adam ölmeli bir gün,
Emma ol oglanyňky has ýakyn hergiz,
Ýakyn bolmagynyň ýene sebäbi,
Söýýär täze bir gyzy söýmeýärmiş gyz.

Bir gün oglan gyza sözüni aýtýar,
Hassa haly bilen näzini çekýär,
Aglap ýaş dökýärmiş maýyp ýürekden,
Näçe söýýän diýsede durmuş köseýär.

Gyz islese oglan dyza çökermiş,
Söýän diýip sözüne antlar içermiş,
Ýeke gezek ýüz bersedi şol Köňül,
Oglan begenermiş dünýe göçermiş.

Oglana aşa şat bolmak gadagan,
Aşa gam çekmegem gadagan eken,
İki duýgyň arasynda bolmaly,
Ýogsa oglanyň şol keseli tutagan.

Tabşyryk.Aýap saklamaly öz ýüregini,
Hem gidirmeli eken ýürek küýsegini,
Şol gyzy görende melhem bolarmyş,
Hem ýüregini söýýär hem iýdegini.

Oglan her gün öz derdini çekerdi.
Dert üstüne şol gyzam ýada düşerdi,
Gutulyp gitmeýär iki keselden.
Gyz üçin has beter janyn ýakardy.

Gün geçýär aradan ençeme wagt,
Gyz näçe gün gözden bolýarmyş gaýyp,
Meger gyz gaçanmyşyn sagdyn ýigide,
Oglanada jennetden gurulýar tagt.

Dünýeden göçenmiş bagytsyz ogul,
Ölmänkä diýenmiş nirdekä Köňül,
Şeýdip şol oglan hasratly gidýär ,
Maýyp hem bolsaňda bagytly dogul.

Näbelli diýr hakdyr bu wakaň jemi,
Ýazgydyň ýazylşyn şol magşar güni.
Ne oglandan habar bar, nede ol gyzdan,
Erbet bolup bitýär bu düýşüň soňy.

Комментарии