Gündelik Täleýnama 12.04.2024

Hamal-Guzy(21.03 — 20.04)
Ýyldyzlar şu günden başlap näziklik we söýgi duýgusyny başdan geçirjekdigiňize söz berýärler. Täze meýilnamalar işjeň bolmagyňyzy, tanyşlaryňyzy köpeltmegi we işewür gatnaşyklary gurmagy talap eder. Güýjüňizi uzak wagtlap dowam eder ýaly paýlaň. Sizi bagtly etjek ýagdaýyň bolmak ähtimallygy gaty uly, netijede ýagdaýyňyz gowulaşar.

Sowur-Öküzçe (21.04 — 20.05)
Şahsy gatnaşyklarda hyzmatdaşyňyzyň siziň pikiriňizi kabul etmek islemezligi bilen baglanyşykly meseleler aradan aýrylmaýar. Öz gowşak taraplaryňyza ýol bermek ýa-da gaty şübheli bolmak, size gowy garaýan adamlary gynandyryp biler. Öz düşünjäňize has köp ynanyň.

Jöwza-Ekizekler (21.05 — 21.06)
Siziň energiýaňyz işiňiziň netijelerine gowy täsirini ýetirer we köp başlangyçlaryňyzda üstünlik gazanmaga ýardam berer. Ýyldyzlar zenan jöwzalara şowlulyklary wada berýär, emma olar şahsy durmuşda aldanmakdan goranmalydyrlar. Erkek jöwzalara şahsy durmuşynda uly bolmadyk, emma perspektiw üýtgeşmelere sebäp etjek tazelikler garaşýar.

Seretan-Leňňeç (22.06 — 22.07)
Bu gün emosional durnuklylygy saklamaly we edýän hereketleriňizde özüňizi höweslendirmeli. Agşam ýolbaşçylar, garyndaşlar we dostlar bilen habarlaşsaňyz gowy bolar. Häzirki wagtda ýagdaý durnuksyz bolar.

Eset-Ýolbars (23.07 — 23.08)
Bu gün bedenterbiýe, sport, uzak gezelenç, syýahat üçin amatlydyr. Günüň ikinji ýarymynda käbir bökdençlikleri başdan geçirersiňiz. Ýöne maşgaladaky ýagdaý kadalaşar, ýakymsyz netijeler birneme dowam eder, sebäbi eden işiň üstüni ýapmak aňsat däldir.

Sünbüle-Gyz (24.08 — 23.09)
Sünbüle erkekleriň şahsy durmuşyndaky meseleler hakda çynlakaý pikirlenmegine sebäp boljak ýygnak ýa-da çäre bolar. Sünbüle gyzlara gereksiz gatnaşyklary kesmegi we täze tanyşlyklary yza süýşürmegi maslahat berýärler – lapykeçlik, gözýaş, gahar-gazapdan daşda duruň. Günüň ikinji ýarymynda size ýakyn adamlar bilen baglanyşykly şatlykly habarlar hem aýrylmaýar.

Mizan-Terezi (24.09 — 23.10)
Işli, başagaý gün. Ähli problemalary birbada düzetjek bolmaň. Bir ýere jemlenip, başlanan wakalary anyk netijä getirmeli. Mizan zenanlaryna gartaşan garyndaşlary bilen aragatnaşykda bolup biläýjek kynçylyklar barada duýduryş berilýär. Maliýe ýagdaýyňyz geljekdäki meýilnamalaryňyza we maşgala ýagdaýyňyza täsir eder. Çagalaryňyzyň meseleleri sizden ep-esli maliýe çeşmelerini talap eder.

Akrap-Içýan (24.10 — 22.11)
Durmuş mümkinçiligi azalýar. Size ýamanlyk isleýänler, nätanyş adamlar ýa-da ýolbaşçylar bilen baglanyşykly uly meseleler garaşýar. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň ýa-da dostlaryňyz bilen dawa-jenjeliň hasam erbetleşmegi mümkin. Her bir islegiňizi kanagatlandyrjak bolmaň, duýgularyňyzy saklamagy başaryň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak maslahat berilenok.

Kowus-Keman (23.11 — 21.12)
Bu gün biraz kynrak bolup biler. Durmuş mümkinçiligi pes. Islendik işde, köne, subut edilen görnüşde hereket etmek we ýagdaýlara ýaramaz itergi berjek synagdan, eksperimentlerden gaça durmak maslahat berilýär. Ýyldyzlar ýalňyzlygy, dymmagy, zähmeti we ynsaplylygy maslahat berýärler.

Jedi-Owlak (22.12 — 20.01)
Zähmet durmuşyňyzda bolşy ýaly, söýgi gatnaşyklaryňyzda-da şowly günler dowam edýär. Siz täze güýç-kuwwat bilen islendik işe baş goşup bilersiňiz. Eger-de käbir duşuşyklar amala aşyrylyp bilmeýän bolsa, diýmek şeýle hem bolmalydyr. Öz söýgüli adamyňyz bilen köpräk wagt geçirjek boluň.

Daluw-Gowa (21.01-20.02 )
Häzirki wagtda töwekgelçilik etmek ýa-da gymmat bahaly söwda etmek bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Täze hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk şowsuzlyk getirer, ýöne köne dostlar ýa-da garyndaşlar gymmatly maslahatlar berip bilerler. Maşgalaňyz bilen dynç alyň, syýahat ediň, siziň bilen wagt geçirmekden hoşal boljak çagalar aýratyn üns berjek boluň.

Hut-balyk (21.02 — 20.03)
Bu gün ähli inisiatiwany öz üstüňize aljak bolmaň. Özüňizi durnukly we asuda alyp barsaňyz has ýerlikli bolar. Bu günki täleýnama agşamlyk maşgalaňyz ýa-da ýakyn adamyňyz bilen bir ýere gidip aýlanmagy, gezelenç etmegi maslahat berýär.

Комментарии