Degishmeler (in bolmanda yylgyrarsynyz)


 Ýokary okuw jaýyna girmek üçin

ekzamende sorag soraýarlar:
-Siz Puşkini tanaýaňyzmy?
-Ýok.
-Magtymguly, Zelili, Kemine bilen
tanyşlygyňyz nähili?
-Bularam tanamok.
-Berdi Kerbabaýew, Kerim
Gurbannepesow dagylary bir
tanaýaňyzmy?
-Bular bilenem tanyş däl.
-Gidip bilersiňiz. Indiki ýyl geliň.
Ekzamen tabşyryp bilmedik
dostumyz keýpiz gapydan çykýar.
Daşardakylar ondan soraýar:
-Nätdiň? Geçdiňmi?
-Ýok-laý, tanyşyň bolmasa
geçirenoklar-laý. Meniň bolsa
tanaýanym ýok…
************************************
Mugallym okuwçylara diýýar:
-Kim özüni samsyk hasaplaýan
bolsa ýerinden tursun.
Hiç kim ýerinden gozgananok. Bir
salymdan soň Ependiň ogly
ýerinden turýar. Mugallym:
-Näme Ependiýew, sen özüňi
dogrudanam samsyk
hasaplaýaňmy?
-Ýok.
-Onda name ýeriňden turduň?
-Ýeke özüňiz dik duraňyzsoň, size
ýoldaş bolaýyn diýdim-laý…
***********************************
Bir amerikan bir orsdan soraýar:
-Bagyşlaň, orslar köp arak içýä
diýýäler, şol dogrumy? Siz bir
stakan arak içermisiňiz?
-Elbetde! Duza basylan hyýarjagaz
bilen içsem hemmesi gül ýaly
bolar.
-A üç stakan içermisiňiz?
-Elbetde! Üç stakany uç sany
hyýar bilen içerin, gürrüňi
bolmaz.
-A ýüz stakan içermiň?
-Gulagyň galýamy? Onça hyýary
men nadip iýeýin!?
**********************************
Iki dostyň gürrüňi:
-Bilýäňmi, düýn agşam şeýle bir
zat boldy! Gidip barýadym welin,
bir oglany üç bolup urup duran
ekenler. Aý, menem onsaň,
kömek edeýin diýdim.
-Berekella! Gör sen nähili batyr!
Ýeri onsaň kömek etdiňmi?
-Elbetde. Sen bir görsediň biziň
dört bolup ony ýenjişimizi….
***********************************
Ependi ogluna käýinýär:
-Oglum, seniň ýaşyňda Napoleon
öz mekdebinde iň gowy okaýan
çaga bolupdyr, sen bolsa diňe
ikilik almagy bilýäň.
-A seniň ýaşyňda kaka jan,
Napoleon Fransiýanyň karoly
bolupdyr...
**********************************
Iki garry ýaşuly gepleşýär:
-Heý seniň çagalykda arzuw eden
arzuwyň hasyl boldumy?
-Howwa-la!
-Hany aýdyp ber.
-Men kiçikäp ejem jan saçymdan
çekip urardy. Menem bahymrajyk
kel bolsam diýip arzuw ederdim...
**********************************
Sudýa ogryny sorag edýär:
-Näme üçin sen onuň gapjygyny
ogurlapsyň, ustesine-de ony
gowy edip urupsyň?
-Gapjygynda puly ýok eken-dä
how...

Комментарии