1-nji bolumi
Suhanyň ejesiniň köne derdi gozgady!
Onuň birinji ärine Mämmet diýerler. Mämmet ýarag ujundan öldi. Dul galan gelni Mämmediň inisi Nazarla dakdylar. Nazarlydan basdaş iki gyz, bir ogul dünýä indi. Ony alyp ýatan garahassa keseli boldy. Şeýdip, Suhanyň ejesi ýigrimi dört ýaşlanryndaka ikinji gezek dul galdy. Nazarlynyň belli günleri sowulýança ol güň gezdi. Soňam däliredi. Däliredi diýiläýýä. Däliremedi. Bir edeni, “Men äre çykjak. Maňa är tapyp beriň!” diýip ile çykdy. Eltisi: “Kelläň bir ýerindemi, gyýw! Bolşuň nähili? Utanç bor-a, goý” diýende, “Goýjakgä. Maňa är gerek. Äriňi ber. Onsoň goýaýyn” diýip, galmagal turuzdy. Aýaly ölüp, dul galan Öwezli bir gün çola ýerde oňa söz aýtdy. “Senden är bolmaz. Maňa sen ýaly är gerek däl. Maňa Almaz ýaly är gerek” diýip, köçä çykyp, onam betnam etdi. Soňam: “Sen maňa är bol. Men saňa äre çykjak. Görýäň-ä, men ärsiz galdym-a” diýip, täze açylan mekdebiň ýeke-täk mugallymy Almazyň başyndan musallat bolup indi. Bir günem açyldy. Utandy. Edip ýören işleri üçin özünden utandy. Göwnüne mojuk zatlary saldy. “Meň baran ärim ölýär. Maňa är düşenok” diýdi. “Kysmatdyr bi. Owalynda şeýle ýazylandyr” diýmedi. Özüni adamlardan çetde saklady. “Bi gyrnag-a äre gelen ganym eken” diýýändirler diýip hesrete basyrynyp gezdi. Il diýeniňem näme, ähli işi diňe sen däl. Il bir güň seniň gürrüňiňi eder-de, ikinji gün özüne täze gep-gürrüň tapynar. Şeýlelikde, keremara ile goşuldy. Äre turup gitmedi. Ärli gürrüňler unudyldy. Soň ýowuz günler başlandy. Aýlar agyr, ýyllar uzyn, gijeler sowuk. Adamlary tutup, äkidýärdiler. Äkidilen adamlar yzyna dolanmaýardy. Onsoň uruş turdy. Munuň hiç yzy gelmedi. Güýzler ýürekgysdyryjy. Gyş günleriniň aldajy sowugy bardy. Aňyrdan joşup gelen ýazlar bolsa göwnüňi gozgamaýardy. Açlykdy. Açlyk adamlaryň çydamynyň çägini ölçeýärdi. Onsoň uruş gutardy. Zamana barybir zabundy. Suhanyň iki ärini ajala aldyran ejesi şonda ýaman mert durdy. Perzentlerine pena boldy. Kolhoza gatnady. Orak ordy, pagta ýygdy. Gündizlerine çil çekip, gijelerine suw tutdy. Ýadamady, basylmady, gaýrat etdi. Ejizlän mahaly aglap, aýdym aýtdy. Onsoň gyzlaryny äre berip, ogluny oýerdi. Agtyk söýdi, çowluga ýüzi düşdi. Ynha, indem aradan elli ýedi ýyly geçirip, şol köne dert ýene munuň ynjalygyny elinden aldy.
Muny ilki aňşyran ogly Suhan boldy. Juma güni gijara ol bir sebäp bilen garrynyň bolýan otagyna girende ejesiniň terse bakyp, aga çalymdaş heň edip oturanyny gördi.
Gam kalbyňy daglar, heý,
Göwnüňi pos baglar, heý,
Saç, ýaýyp, kim aglar, heý,
Äri ölmedik bolsa?!
Suhan gözlerini açalak-ýumalak etdi. Düşünjek boldy. Bolmady. Gulaklaryny keýerdip, yzyna diň saldy.
Gaýgy-gamyň bolarmy,
Güler ýüzüň solarmy,
Ajal golaý gelermi,
Ýanyňda äriň bolsa?!
Suhanyň haýýaty göçdi.
- Eje! - diýdi.
Garry hä bermedi. Dowam etdi.
Çözläp, saçlaryň ýaýsaň,
Döşüne başyň goýsaň,
Gijeler ýatman söýseň,
Äriň ýaňynda bolsa.
Suhan:
- Beh, beh, eje, eje! - diýip, ejesiniň egninden yralady. Garry egniniň üstaşyry yzyna seretdi.
Suhanyň ejesiniň gözlerini üýtgäpdir! Olarda öňki mysapyrlykdan, rahatlykdan, mylakatdan birjik-de nyşan galmandyr. Oňa derek ol gözlere galagopluk, rehimsizlik, gaýduwsyzlyk inipdir.
Suhan ejesiniň ýitelen gözlerini görüp, erbet düýrükdi. Süňňi bir elhençligi syzdy. “Däliräpdit. Akyly üýtgäpdir. Ahyr ýaşynda däliräpdir. Gözi aýdyp dur” diýen pikir bada-bat beýnisinde at çapdy.
- Näm bolýa, eje? Ýaramajak bolýaňmy?
Garry terse bakdy. Sandyrawuk ses bilen:
- Ejeň ärsiz ötüp barýa, jan ogul, ärsiz! - diýip eňredi.
Suhan ejesine düşündi. Ol ärsiz ötürilen elli ýedi ýyllyk ömrüň ýasyny tutýardy.
Garry gaýtadan eňräp başlady:
Etseň, hyzmatyn etseň,
Tapyp, göwnüne ýetseň,
Uzak ýollara gitseň,
Äriň ölmedik bolsa.
“Ine,saňa gerek bolsa! Indi nätmeli? Il-gün näme diýer? Näme etmeli?” diýen sowallar Suhana eýýämden ejir çekdirip ugrady.
-Eý, Hudaý, eý, Alla, eý, toba! Biabraýçylyk. Masgaraçylyk. Barypýatan masgaraçylyk. Özem ahyr ýaşynda. Eý, Hudaý!.. - diýip, ol ýarym pyşyrdy bilen samyrdady. Soň:
-Eje, eje! - diýip çykyp gitdi.
2-nji bolumi
Suhan ejesi barada aýaly Akgyza hiç zat aýtmady. Entek hiç kim bilmänkä nähilidir bir gudrat bilen ejesiniň akylynyň, esasan-da gözleriniň öňki durkuna dolanmagyny isledi. Umyt etdi. Açylar diýdi.
Onuň öýde-de oturasy gelmedi. Başyny alyp, nirädir gaçyp gidesi geldi. Gaçyp baran ýerem mellegiň aýagujy boldy. Mallara seredişdirdi. Oturyp çilim çekdi. Oýa batdy.
Birmahallar, heniz oglan döwürleri Seýitli bilen eden sene-menesi ýadyna düşdi. Dawanyň nämäniň üstünde turanlygy belli däl, ýöne Seýitliniň diýen sözleri hakydasynda galypdyr:
- Eý, seň bar-a, kakaň ölende bar-a, ejeň däliräpdir-ä. Äre çykjak diýip, masgara bolupdyr-a.
Elbetde, şol gezek Suhan Seýitli bilen gyzyl ýumruga girişendir. Soňam çola ýerde tenha özi aglandyr. Ýöne bular ýadynda däl. Aldajy gyşlarda enesini emýän guzujyk ýaly, oraçalarynyň ojagynyň başynda ejesi bilen emişip ýatýandyklary huşunda… Suhan bozuljak boldy.
- Gyýw! - diýip, aňyrdan alakjap gelýän aýalynyň sesine ol ziňk edip gitdi.
- Gyýw, tur, gel bärik. Ejeň…
- Ýuwaş, how! Häk, seniň sesiň… - diýip, Suhan hemleli gygyrdy. – Gohuň näme?
Suhanyň göwnüne bolmasa, ejesiniň akylynyň üýtgänine Akgyz birhili begenýän ýaly bolup dur. Äheňinde ýakymsyz dabara bar. Bi heleý tohumy şolar ýaly zada heşelle kakýa, hezil edinýä. Bulara tomaşa gerek. Betbagtlygy abraýdan ýeg görýärler.
- Näme, etek alty, ýeň ýedi, öň etegiňi dişläp, ylgap ýörsüň… Begenýäňmi? - diýip, Suhan aýalynyň mazaly badyny aldy.
- Begenerinmi, gyz?! Gürrüňiň nähili seň? Toba etdim! – diýip, Akgyz ýakasyny tutdy.
Suhan aýalyny dem salym synlap:
- Bar, ondan-a köýnegiň goltugyny çat. Ebtiňi düzet - diýdi.
3-nji bolumi
Suhanyň, tüweleme, dört gyzy, üç ogly bar. Uly ogluny öýerip, iki gyzyny durmuşa çykardy. Oglundan agtyk gördi. Ikinjisine-de garaşyp ýörler. Ortanjy ogly bir ýyl bäri gullukda. Beýleki çagalarynyň üçüsem mekdep okuwçysy.
Agşama çenli Suhanyň öýünden örýänleriň ählisi garrynyň ýolugan derdi barada eşitdiler. Ýöne hiç kim onuň gürrüňini etmedi. Öýe sustluk aralaşdy. Çagalaryň şagalaňy peseldi.
Nahardan soň Suhan:
- Ertir ir bilen motoryňy mün-de, Ogulkeýik ejeňlere dep. Ogulkeýik ejeňi alyp gaýt, enem ýaranok diý. Gaýdyşynyňam ýüzugra Ogulbolly ejeňlere sowlup geç. Onam alyp gaýt - diýip, uly ogly Atagylyja tabşyryk berdi.
Garrynyň işdäsi görnetin peseldi. Akgyzyň getirip giden unaşyndan göwünli-göwünsiz içdi.
Akgyz:
- Enesi, bi nä zat iýmänsiň-le? - diýip sorady.
- Ha-aý, jan gelin! - diýip, ol sesini endiredip aýtdy. – Ärsiz heleýiň nahar bilen kän bir mazasy bolmaz. Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp gitdi.
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady. Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady. Henize çenli onuň saglygyndan nalan ýeri ýok. Akylynyň üýtgemegi, ähtimal, onuň ölümine bahana bolar. Suhan Hudaýdan gaty nägile boldy. “Öňi-soňy ýygnajak bolsa dümew-sümew diýen ýaly bir keseljik bilen ýygnaýmaly dälmidir? Alýanyň şol amanat zadyň. Onam ile masgara edip aljak. Ýa bi ýumruk ýaly görgüsiýamyň çöderräk günäsi-dagy barmyka?... Toba etdim” diýip içini gepletdi.
Akgyzyň mahaly bilen gözüne uky inmedi.
- Gyýw - diýip, ol ýatan ýerinden Suhana habar gatdy. – Nememikä bi, wagtlaýynça bir zatmyka ýa nemedýänçä…
Suhan janyýangynly gepledi:
- Men näbileýin-aý, men näbileýin? Men nä palçymy, gurrandazmy, öňümi görüp geldimmi?
Akgyz göwni bir ýaly başga sowal berdi:
- Otörgünem-ä geçdi. Nämedenkä onda?
Suhandan jogap bolmady. Onuň diňe haşşyldap, uludan demini alýan sesi eşidildi.
- Gyýw, nemedäýsek nädýä, ertir dogtora-zada görkezäýsek, ä? - diýip, Akgyz dowam etdi.
- Hä-ä, indi şyhypanylyga ýetip barýaкka keselhana salybam görgi baryny görkez oňa.
- Dogtorlar nä diňe keselhana diýer durar öýdýäňmi?
- Dogtora galsa, dälihana-da dykar.
- Toba etdim-eý, daş edewersin!.. Be-e, onda nätsekkäk?
“Aý, başa gelenini görmeli bor-da” diýip, Suhan içinden jogap berdi. Ýorgany serpip, aňyrsyna öwrüldi. Akgyz gaýdyp geplemedi.

Комментарии
Отправить комментарий