Lukman kakasy we mugallym ejesi gök gözlüje Myradyñ dünýä inmegine 10 ýyl Allatagala dileg dowa edip garaşdylar. 10 ýylyñ ahyrynda dünýä inen Myrat kakasy Gurbangeldi aga üçin hemde ejesi sadap eje üçin hemme zatdan möhümdi. Olar Myradyñ daşyndan aýyrlyp bilenoklardy, çagalaryny diýsen gowy görýärlerdi.Şeýlelik bilen Myrat ýuwaş ýuwaşdan ulalýardy we başangyç okuwyna gidip başlady, ejesi kakasy Myradyñ bir diýenini iki gaýtaladanoklardy çagajygyñ göwnü näme islese şo zady derrew alyp berýärlerdi, Myrat beýleki çagalara görä az kem lällik bolup ýetişipdi.Wagtyñ geçmegi bilen okuwy hem tamamlady ýakyn dost ýarlary bilen okuwy gutaranlaryny bellemäge gidýärdiler ejesi we kakasy bolsa myrat çala öýe gijä galsada derrew oña jan edip “nirde sen oglym näme gijä galdyñ” diýip sorap idäp durýarlardy. Myradyñ ýaşy 18-e ýetdi . Gulluk ýaşy ýetip gelipdi, ejesi hem kakasy bu ýagdaýa diýsen tukan bolupdylar ýekeje balalaryny gulluga iberesleri gelenokdy emma gulluk hem watana bolan borjuñdy.Indi sanlyja günden Myrat gulluga gidip barýardy we nirede gulluk etjegi hem belli bolupdy, gulluk ýeri Türkmenabat. Myradyñ maşgalasy bolsa paytagt Aşgabatlydy.Ejesini kakasynyñ ajy gözýaşlary bilen Myrat otla mündi we gulluk ýolyny tutupdy. Entek maşgalasyndan aýry ejesinden kakasyndan aýry bir gün hem ýaşap görmedik Myrat guzy ýaljak bolup otyrdy soñra gulluk ýerine bardylar.We kynçylyklañ naýbaşysy bu ýerde ýagny gullukda başlady. Serjantlar hemme zatlaryna üns berýärlerdi täze gelen esgerlerin çala bir ýalnyşyny göräýseler temmisi örän agyr bir görnüşde berýärlerdi. Bir gün hem Myrat irden topar bolup hatara durlarka açlykdan ýana ýykyljak boldy sebäbi öyünde herhiljek islän zadyny iýip yören Myrat gullukdaky naharlara hiç hili öwrenşip bilmändi we näçe gün bäri nahar iýmändi, edil ýykylaýjak wagty myradyn goluna bir el ýapyşdy we “çydajak bol dostjan” diýdi. Myrat zordan gaşyny galdyryp seretse nurana yüzli bir oglandy, ady Serdar ol hem Myrat ýaly gulluga täze gelen özü bolsa Mary welaýatynyñ ýaşaýjysydy, özü hem ýetimje oglan. Serdar düzgün tertip hataryndan soñra gizläp goýanja çöregini getirip Myrada berýär, suw içirýär Myrat hem birneme özüne gelýär. Şondan soñra ol ikisi arasyndan yüp geçmez dost bolýarlar.Gullukda hemme zady agzybir bolup bile etýän Serdar Myrat dostlañ günü diýseñ hezil geçýärdi. Myrat wagtal wagtal öyüne jañ edip ejesi kakasyny arkaýyn edip durýardy. Günlerini sanap 1 ýyl 6 aylaryny geçirdiler. Serdar bilen Myrat indi myrat öýlerine jan edip “eje inni wagtymam azalýa nesip bolsa ýakynda barýan öýe ” diýýärdi.Gulluk borçlarynyñ gutarmagyna az salym galanda ýazgytdaky şol pursat gelip ýetýär. Bir gün Myrat yarag ambarynyñ nobatçysydy we gije nobatda durka ambardan gelen güýçli partlama bilen Myrat özünden gitdi. Sagatlarça huşsuz ýatan myrat gözünü açanda hassahanadady. Başujynda serjandy, leýtenanty garaşyp durdy. Partlamada Myrat 2 aýagyny ýitiripdi. We myradyñ dünýasi ýykylypdy. Leytenant Myrada “myratjan maşgalana habar bermedik entek . jañ edip habar bermegimizi isleýäñmi” diýdi. Myrat bolsa şol bada “yok” diýip jogap berdi. 3 aý hassahanada ýatan myrat gulluga dolanyp geldi we gullukda hem 3 aý 2 aýaksyz gezmeli boldy, we gulluk borjy gutaryp 1 hepdeden öýüne gidip barýardy ýöne bu ýagdaýda öýe gitmäge utandy, ejesi kakasy inni Myrada serederlermidi?!Elbetde olar yekeje balasy Myrady hemme zatdan gowy görýälerdi ýöne Myrat olary kyn ýagdaýda goýasy gelenokdy we barlap görmegi ýüregne düwdi. Öýlerine jañ edip ejesine “ eje gullugam gutardym ýene sanlyja günden barýan ýöne bir dostym bada ýeke oglanjyk maşgalasam yok şol oglan men bilen geläýsinda diýdi ýöne mundan soñ ol oglan biz bilen ýaşar” diýdiEjesi “ way bor balam bir çagamyza 10 ýyl garaşdyk ikinji çagamyzam 20 ýyl soñ bolaýjak ekenida gelsin sen dostuñ bolsa sereders oglum ” diýdi.Myrat “ eje ýöne bir mesele bar ol oglanyñ bir aýagy yok” diýdiEjesi muña bir hili bolup“ ay balam onda gaty görme biziñä maýyp adama seretmäge ýagdaýmyz ýok ” diýdide biraz gaharly ses tony bilen telefony goýdy. Soñra birnäçe günden gelmeli ogullaryndan habar ýokdy we birdan telefon jyrlady. Seretseler hassahana morgyndan, “bu ýerde bir jeset bar sizin oglyñyzmy ýa dälmi anyklamak üçin hayal etmän hassahana gelmegiñizi haýyşt edýas”, muny eşden eje kaka depelerinden gaýnag suw guýulan ýaly boldy we dessine hassahana bardylar seretseler janlary jigerleri balajyklary Myradyñ jesedi, myradyn gulluk ýerinden gelen uly leytenant myradyñ öz janyna kast edenligini aýtdy, ejesi kakasy bolsa weýran bolup aglap myradyñ ýatan jesediniñ syrmaly matasyny aşaklygna syryp görseler Myradyn 2 aýagy hem ýokdy!Menin bu hekayada diyjek bolýan zadym : Adam ömri bagtly başlanyp bagtsyz tamamlanyp bilýär. Ýazgydyna kaýyl bolmaly !HORMATLY AGZALAR INE SIZE YETIRJEK HEKAYAMYZA SHULARDAN YBARAT!!!

Комментарии
Отправить комментарий