Ene we chaga (durmushdaky hakykat)

 

11 ýaşyňyzdakaňyz sizi dostuňyz bilen bile kino görmäge äkitdi. Siz: “Sen biziň bilen oturma”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

12 ýaşyňyzdakaňyz zyýanly telewizor programmalary görmegiňizi islemedi. Ol öýde bolmadyk wagty ol programmalaryň hemmesini görmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

15 ýaşyňyzdakaňyz sizi tomusky dynç alyşa iberdi. Bir setir hem hat ýazman sag bolsun aýtdyňyz.

17 ýaşyňyzdakaňyz dostuňyz bilen bile wagt geçirmegiňize rugsat berdi. Telefon hem etmän ertesi gün gelmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

19 ýaşyňyzdakaňyz okuw çykdaýjylaryňyzy berdi, sizi maşyn bilen mekdebe çenli eltdi we goşlaryňyzy göterişdi. Dostlaryňyzyň üstüňizden gülmeklerini ismeýändigiňiz üçin onuň bilen mekdebiň agzynda sag bollaşmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

21 ýaşyňyzdakaňyz okuwyňyz barada size maslahat bermekçi boldy. Siz: “Men seniň ýaly bolmak islemeýärin”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

22 ýaşyňyzdakaňyz diplom alýan günüňizde begenjinden ýaňa sizi gujaklady. Gowy gezelenç üçin pul soramak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

24 ýaşyňyzdakaňyz halaýan gyzyňyzy tanamak isledi. “Wagtyny özüm bilerin”- diýip, garşy çykmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

25 ýaşyňyzdakaňyz toý çykdaýjylaryňyzy etdi, siziň üçin begendi we şadyýan boldy. Siz dünýäniň bir burçuna göçüp gitmek sag bolsun aýtdyňyz.

30 ýaşyňyzdakaňyz çaga seretmek hakynda size akyl bermek isledi. Siz “Indi o döwür geçdi” diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

40 ýaşyňyzdakaňyz sizi tapyp, bir ýakyn garyndaşyňyzyň doglan gününiň ýetendigini ýatlatdy. “Eje, işim başymdan agdyk”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

50 ýaşyňyzdakaňyz ol agyr keselledi, ony görmäge baranyňyzda gaty begendi. Oňa garrylaryň çaga ýaly näziksireýändiklerini aýtmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

Şeýlelikde bir gün..... ol bu dünýä bilen hoşlaşdy. Şo güne çenli onuň üçin etmedigiňiz näme iş bar bolsa, şol wagtyň özünde ýüregiňize bir ýldyrym ýaly bolup düşdi...

EJEME DILEG...

Beýik Rabbim, men indi ýaş adam däl we dostlarymyň ejeleri ýeke-ýekeden bu dünýä bilen hoşlaşmaga başladylar. Dostlarym ejeleriniň gadyrlaryny bilenlerinde muny olaryň özlerine aýdyp bilmejek derejede gijä galandyklaryny aýdýarlar.

Meniň entek ýaşaýan sagdyn ejem bar. Onuň ýetip bolmajak bahasyna her geçen gün has gowy düşünýärin. Ejemiň deregine men üýtgeýärin. Ýaşym geçdigiçe onuň nähili gadyrly adamdygyna has gowy göz ýetirýärin. Ýöne bu sözleri ejemiň özüne aýdyp-da bilmeýärin. Duýgulary ýazga geçirmek bolsa aňsat.

Bir çaga özüne ýaşamagy bagyşlan enesine nädip sag bolsun aýdyp biler? Çaga ýetişdirýärkä görkezýän söýgüsine, sabyrlylygyna we gaýgylaryna näme diýjek? Indi ene bolan bir çaga entek hem özüne enelik edýän bir adama nähili sag bolsun aýdyp biler? Islenildiginde öwüt-ündew bermäge taýýar bolan ýa-da gerekli wagty sessiz bolmagy başarýandygy üçin...

Müňlerçe gezek şol bir zady gaýtalatsak-da: “Saňa öň aýtmanmydym?” diýmeýändigi üçin... Diňe özi bolandygy üçin... Söýgi we mähir bilen garaýan, sabyrly we bagyşlamany bilýän özi bolandygy üçin oňa nähili sag bolsun aýdyp bileris? Eý, Allahym! Meniň elimden Seniň ondan razy bolmagyňy dilemekden başga zat gelmeýär we onuň maňa nusga bolmagynda ýardam bereniň şükür etmekden başga edip biljek zadym ýok.

Öz çagalarymyň gözünde, ejemiň meniň gözümde bolşy ýaly, hakyky ene bolup bilmegim üçin senden dileg edýärin, Beýik Allahym

Комментарии