Şondanam bir erkek bormy,
Nas atanda diläp çekse,
Ondanam bir erkek bormy.
Görse çekip,görse içse,
Kelle göçüp öte geçse,
puly alyp bermän gaçsa,
Şondanam bir erkek bormy,
Ite bir süňk bergi bolsa,
Edeni hem görgi bolsa,
Eli egri ogry bolsa,
Şondanam bir erkek bormy,
Myhman gelse,gaşyn çytsa.
Eden işin minnet etse,
Aýalyndan aýra ýatsa,
Ondanam bir erkek bormy.
Döşün kakyp kän şwunse,
Aýda ýylda bir ýuwunsa,
Ýas bolanda ol begense,
Ondanam bir erkek bormy.
Zähmet çekmän bikär gezse,
Herkimlerden pul sorasa,
Aýalyndan öň garrasa,
Ondanam bir erkek bormy.
Aýalyndan gorkyan kändir,
Gorkaklaryň güni kyndyr,
Aýal handyr, Erkek sandyr,
Şondanam bir erkek bormy.
Bapby aga senem ýandyň bişdiň,
Ýeke sözde köp ýalňyşdyň,
Kä ejizläp ruhdan düşdüň,
Sendenem bir erkek bormy.

Комментарии
Отправить комментарий