Degişmler


Adamsy aýalyna altyn ýüzügi
sowgat berýär:
Ezizim, ynha, şu gezeg-ä
bahana tapmaz ýaly, doglan
günüńi gutlap, ýörite altyn ýü-
zik aldym.
Aýaly sowgady alyp, da-
kynýar. Ýöne birdenem ýene
onuň ýüzünde nägilelik ala-
maty peýda bolýar.
Adamsy:
Ýeri, indi näme boldy? Nä-
me, begenmediňmi?
Aýaly:
Sen öň munuň ýaly sowgat
getireńokdyń-la. Muny sen meni
gowy görmeýändigińi bildirme-
jek bolup alan bolmaly.
* * *
Iki gońşy küşt oýnap otyr.
Bah, halypa diýýän-ä, men
ýaňy seń atyńy aldym-la?!
Hawa, aldyń.
Onda, bi, sende ýene-de
iki at bar-la!.. Näme, seń atyń
ücmüdi?!
Aý ýok, üc-ä däldi. Ýöne
sen şunca wagt pikirlenýäncäń,
meń atymyň taýcanagy boldy.
* * *
Alyjy hojalyk harytlary düka-
nynda satyjydan soraýar:
Sizde demirden ýasalan
arzan eşik asylýan barmy?
Hawa, ine, bahasy 1 ma-
nat.
Ondan arzany ýokmy?
Bar. Ine cüý.

Комментарии