Hamal-Guzy(21.03 — 20.04)
Täjirçilik meselelerinde möhüm karar bermejek boluň, sebäbi planetalaryň durmuşyňyza täsiri maddy taýdan zyýan çekmegiňize getirip biler. Iş basgançagyndan birneme ýokary galmak mümkinçiligi bar. Günüň ikinji ýarymyndaky kynçylyklar gybatçylaryň gybaty we töhmeti bilen baglanyşyklydyr. Öý işleri, çagalar bilen baglanyşykly kynçylyklar ýa-da näsazlyk bolmagy mümkin.
Sowur-Öküzçe (21.04 — 20.05)
Durmuş potensialy azalýar. Köp kynçylyk getirjek söýgi duşuşygy bolup biler. Artykmaç aladalary etmejek boluň. Siziň çakdanaşa ynanjaňlygyňyz ýoldaşyňyzyň hakyky niýetlerini duýdurman biler. Gören düýşüňiz bir aýyň dowamynda amala aşmagy mümkin.
Jöwza-Ekizekler (21.05 — 21.06)
Bu gün döredijilik mümkinçiligiňiziň artmagy ähtimal. Esasanam sungat bilen baglanyşykly işler üçin amatly. Pikirleriňizi we duýgularyňyzy beýan etmegiň zerurlygyny duýup bilersiňiz. Adaty bolmadyk romantiki duşuşyklar ähtimal. Möhüm meseleleri çözmekde duýgurlyga we sabyrlylyga bil baglaň.
Seretan-Leňňeç (22.06 — 22.07)
Bu gün hünär işjeňligi ýa-da karýeranyň ösüşi bilen baglanyşykly döredijilik we özüňi görkezmek ugrunda işjeňlik üçin giň mümkinçilikleriňiz bolar. Söýgi we romantiki başdan geçirmeler üçin ajaýyp gün. Esasy zat, dogry we oýlanyşykly hereket etmegi başarmaly.
Eset-Ýolbars (23.07 — 23.08)
Bu gün täze başlangyçlar üçin amatly. Hereketleriň aýgytly we öz wagtynda bolmagy zerurdyr. Uzak wagtlap şübhelenip gezýän bolsaňyz, mümkinçiligiňizi ýitirmek howpy abanýar. Intrigalardan ägä boluň. Siz üçin peýdaly boljak uly üýtgeşmeler bolup biler. Şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk ýakymly waka bolup geçýär. Söýgi meseleleriniň ýiti burçlaryny üstünlikli ýeňip geçjekdigiňize şek-şübhe ýok.
Sünbüle-Gyz (24.08 — 23.09)
Öňki toplanan negatiw energiýalardam azatlyk güni. Erbet endikleri ýok etmek bu gün size başardar. Netijede, adatdan daşary ýeňillik duýarsyňyz. Duşuşyklar, tanyşlar, gatnaşyklar üçin amatly. Uly söwdany etmäň. Çünki olar gereksiz we amatsyz bolup çykarlar. Iýmitiňize aýratyn üns beriň.
Mizan-Terezi (24.09 — 23.10)
Nagt we nagt däl tölegler bilen baglanyşykly durnuksyz ýagdaý bolar. Islegleriňizi içiňizde saklajak boluň. Karz almak üçin gatybir amatly wagt däl. Maliýe resminamalaryna aýratyn üns beriň.
Akrap-Içýan (24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda täjirçilik amallaryny geçirmezlik has gowudyr – bu ýitgilere sebäp bolup biler. Ulumsylyk we özüňize göwnüýetijilik görkezmäň, ýogsam başgalaryň hormatyny we ynamyny ýitirmek howpy abanýar.
Kowus-Keman (23.11 — 21.12)
Aragatnaşyklar, geleşikler, nikalar üçin amatly gün. Ýyldyzlar şeýle bir gowy ýerleşýär welin, islendik işde ilkinji gezekde üstünlik gazanarsyňyz. Ýerokarky güýçleriň göze görünmeýän goldawyny duýarsyňyz. Duýgy durmuşy kem-kemden kadaly ýagdaýa geler.
Jedi-Owlak (22.12 — 20.01)
Bu gün şahsy durmuşyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolar. Öňden bäri bolan gowşak gatnaşyklaryňyz kesiler. Siziň pikiriňiz deň gelmeýän hyzmatdaşlaryňyz bilen uly düşünişmezlikleriň, hatda dawanyň hem bolmagy mümkin.
Daluw-Gowa (21.01-20.02)
Bu gün köne gatnaşyklaryňyzda we maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar bolup biler. Bu gün siz ýadawlyk duýup bilersiňiz. Emma, bu gowşaýan alamatlaryňyz hakynda artykmaç pikir etmejek boluň. Çakdan-aşa energiýa sarp etmejek boluň. Saglygyňyza aýratyn üns beriň.
Hut-balyk (21.02 — 20.03)
Bu gün köp zatlara karar bermeli bolarsyňyz. Käbir size ýamanlyk isleýän adamlaryň düşünjelerinden we aldawlardan ägä boluň, rahatlygyňyzy saklaň. Häzirki wagtda häkimiýetler, hökümet gurluşlary bilen aragatnaşykdan gaça durmak has gowudyr.
%20(8).jpg)
Комментарии
Отправить комментарий