4-nji bolumi
Goňşy otagda ýatan Hatyja gelin kän salymlap dymansoň:
- Atagylyç! - diýip, äriniň böwrüne dürtdi.
- How.
- Ukladyňmy?
- Ýok.
- Atagylyç! Eneň öňem şeýle bolýamydy?
- Ýok.
- Nämedenkä ol?
- Bilmedim men-ä.
Sesini çykarman ýene biraz ýatansoň, Hatyja gaýtadan:
- Atagylyç! - diýdi.
- Näme?
- Men-ä gorkýan.
- Kimden? Nämeden?
- Eneňden. Şu gije düýşüme-de girer şo.
- Gorkma, ýaňynda, ine, men bar-a - diýip, Atagylyç Hatyjany gujagyny gysdy.
Eýsem, Hatyja düýşýnde näme görer? Atagylyjyň pikiriçe, ol düýşünde garryny görmeli. Hatyjanyň düýşünde garry märekäniň öňüne çykyp: “Gyýw, oýnatgylar! Siz meni dälirändir öýdýäňizmi? Siz onda barypýatan oýnatgy. Ha-ha-ha! Men-ä dälirämogam. Men-ä ýöne oýun etdim. Siz nädýäkäňiz diýdim. Bilgeşleinden dälirän boldum” diýer. Adamlar muňa birhili bolarlar. Hiç kimiň ynanasy gelmez. Ýöne garrynyň däliremändigini gepinden-sözünden aňyp, her kim onuň dälirese oňat boljakdygyny öz ýanyndan tassyklar. Atagylyjyň enesem adamlaryň pikirini, islegini bilen ýaly çyndan dälirär. Onsoň saçlaryny penjeläp, böker, gygyrar, adamlary kowalar. Adamlar, elbetde, öz islegleriniň bitenine begenişerler, hezil edinerler. Garrynyň halyna hiç kim gyýylmaz. Adamlar Atagylyjyň enesiniň betbagtlygyna heşelle kakarlar. Şol adamlaryň içinde, elbetde, Hatyja-da bolar… Onsoň bu düýşi nädip ýormaly? Atagylyç muny Hatyjadan sorady. Hatyja:
-Samsyk - diýdi. – Muň ýadyna düşüp ýören zatlary.
Köne dert garryny ukudanam kesdi. Suhan giçden soň iki gezek gelip, habar tutdy. Ikisinde-de garry oňa:
- Özüni bilýän heleý ärsiz wagty ne gije, ne gündiz, ýatybilmez. Ýatsa, ukusy haram bor - diýip, jogap berdi.
Suhan ýüzüni sallap, çykyp gitdi. Soň gelmedi.
Garra hiç kim düşünenok. Onuň adamlardan ullakan zat hantamaçylygy ýok. Bitmez ýaly isleg däl. Bir ärjagaz bolaýsa… Boýuna-syratyna guwanyp, barmaklary bilen saçlaryny daraklar ýaly. Boýnundan aslyşyp, jemalyna aşyk bolar ýaly. Gözlerine bakyp, doýmaz ýaly. Garaz, söýer ýaly bir ärjagaz bolaýsa. Ine, onuň bar islegi şü. Ol, ine, şu arzuwyň aýdymyny aýdýar.
Gijäniň birmahallary garry ýadap, oturan ýerinde uka gitdi.5-nji bolumi
Ilki ukudan oýanan Suhan boldy. Ol turşuna ylgap, ejesiniň bolýan otagyna bardy. Ejesini görüp, ölendir öýtdi. Ölen bolsa, haýal etmän “Waý, ejem-le” diýip ses etmelidigi ýadyna düşdi. Diwara ýaplanyp oturan ejesine seredip, aljyrady. Bir sekuntdan ol garrynyň dem alýandygyny eşitdi. Ynjaldy. Onsoň öýdäkileriň hemmesine degişli edip:
- Turuň-haw, Gün dogdy - diýip gygyrdy-da, daş çykdy.
Atagylyç birki käse çaý içdi-de, motoryny otlap, gitdi. Birsalymdanam garrynyň kiçi gyzy Ogulkeýigi alyp geldi.
- Ogulbboly ejem ýok eken. Daň bilen bazara gidipdir. Öýlerine aýdyp gaytdym. Öýlän gelmegi mümkin - diýip, ol motordan düşüp-düşmän habar berdi.
Suhan Ogulkeýigi çete çekip, ejesiniň ýagdaýyny aýtdy.
- Beterinden saklawersin-eý! - diýip, Ogulkeýik içini çekdi. - Haçandan bäri?
- Dek düýnem oňatdy - diýip Suhan aýtdy.
Öýden Akgyz bilen Hatyja çykdy. Olar myhman bilen gysgajyk saglyk-amanlyk soraşdylar. Akgyz Ogulkeýigi öňüne düşürip, öýe girdi. Hatyja çaý-nahar aladasy bilen aşhana ýumlukdy.
- Eje, ine, gyzyň-a geldi - diýip, Suhan ejesiniň bolýan otagynyň işiginden ätledi.
Ogulkeýik içeri girip:
- Gurgunmyň, eje? - diýdi.
- Ogulkeýik gyzym gelipdir-ä, Ogulkeýik janym gelipdir-ä - diýip, garry ileri-ileri omzady.
Ogulkeýik hal-ahwal soraşdy.
- Oňat otyrmyň, eje?
- Äý, gyzym, ärsiz heleýiň gününe näbeletmiň?
- Şeý diýä.
Ogulkeýik dagy näme diýerini bilmedi.
- Ärsiz bolsaň ýarpy göwräň ýok ýaly bolýar, gyzym. Siz ony bilýän dälsiňiz. Siziň äriňiz bar. Meň ärim ýok welin, hemmesini bilip otyryn.
- Gaýrat et, eje!
- Gaýrat-a edilendir, gyzym. Gaty edilendir. Hm… Gaýrat edilme kemi-hä galmady. Gaýratyň bizden göwni synyk däldir, hm, onam aýdaýyn.
Hatyja çaý getirdi.
- Siz, hany, gümür-ýamyryň gapdaly bilen birki käse çaý içiň. Menem mallara seredişdereýin - diýip, Suhan turup gitdi.
- Men arkaýyn otyryn welin, bi Hatyja näme name nahar atarýarka? - diýip, onuň yzýany bilen Akgyzam çykdy.
Ogulkeýik ejesi bilen ikiçäk galdy.
- Al, bir käse çaý owurtla.
- Ärsiz heleýiň içen çaýam suwsan ýerine barmaz eken. Hiç barmaz eken. Guýyň düýbünden alnan ýaly - diýip, garry çaýly gürrüňi-de öz heniňe baglap goýdy.
- Janyň sag bolsa bor,eje.
- Sen, gyzym, gürrüňi alyp gaçma. Maňa hä diý. Suhan-a aýdamok. Aýtjagam däl. Etmez. Kejirdir. Seň delalatyň degäýmese, bilýänsiň, Suhandan maňa bir apbasylyk nowa ýok. Şoň üçin saňa aýdýan. Sen maňa hä diý!.. Görýäň-ä ine, meň bütin ömrüm ärsiz geçip barýa. Menem özüň ýaly heleý. Maňa-da är gerek. Ärsiz ýaşan ömrüň gury nan iýen ýaly…
Ogulkeýigiň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Ol keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna burnuny çekdi. Bir zatlar diýjek boldy. Diýibilmedi.
- Sen nämä aglaýaň? Aglasam, ine, men aglamaly. Sen meni diňle. - Garry pyşyrdy bilen gürledi. - Gaýrat edip, maňa bir är tapyp ber. Ölmänkäm är hözirini göreýin diýýän. Oň munsy beýle, muň onsy eýle, bi ejeme ýaramaz-ow diýip dagyn göwnüňe getirme. Är dannaman. Äri bol tapýan dannaýandyr. Hm… Erkegiň asyl dannar ýaly zady ýokdyr. Hemmesem birdir. Eşidýäňmi?
Ogulkeýik eşidýärdi. Ol sesini çykarman başyny ýaýkap otyrdy.
Garry köne heňine tutrdyrdy.Bir äre göwün berseň,
Är bilen döwran sürseň,
Dünýäň hözirini görseň,
Ýanyňda äriň bolsa.6-njy bolumi
Ogulkeýik käsesindäki çaýyny içdi-de, çykyp gitdi.
Garry ýene ýeke galdy.”Erkeg-ä erkek bolýar. Ol seň derdiňi bilmez. Heý, aýal dagyn aýala düşünäýmeli dälmidir” diýip, garry pikir edýärdi. “Akgyz-a, näme, kim bolanda-da keseki bolýar. Ýeri, bi Ogulkeýige näme diýjek. Bir garysyna galyp, gaýrat etse, meň ýumşumy bitirjeg-ä. Men oň ejesi bolup otyryn-a. Ölen günüm-ä bilerler. Äý, onda-da bilmän geçsinler. Ýa bulaň ýüregi daşdanmyka?”
Ogulkeýik näme diýsin! Onsuzam onuň öz derdi özüne ýetik ahyryn. Kiçi ogly dört aý bäri ysmaz keseline duçar bolup, galybilmän ýatyr. Ýetişen gyzy ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Üstesine, arakkeş äri-de egninden basmasa, goltugyndan göterenok. Onsoň Ogulkeýik näme diýsin!
Ol Suhanyň ýanynda-da oturyp, kän aglady. “Men näme diýeyin, jan dogan! Aýagyny gore salyp otyrka men ony öýüme äkideýinmi? Onsuz meň derdim azmy? Siz indi herzeýilli bir neme… Gaýrat ediň. Ýazgytdyr bi. Owalynda maňlaýyna ýazylandyr. Nätjek?!” diýdi. Ejesiniň “Är tapyp ber” diýen gürrüňini ol Suhana aýtmady.
Günortanlar Atagylyç Ogulkeýigi öýlerine eltip gaýtdy.
Garrynyň uly gyzy Ogulbolly öýlänler geldi.
- Daň bilen gidişime ýaňy geldim bazardan. Gelsem, habar geldi, ýaranok diýýä diýdiler. Onsoň çaýam içmän göni gaýtdym pyýadalap. Çaý bir beriň, gyz! Şehit öldüm - diýip, ol ejesiniň bolýan otagyna girdi.
- Gurgun otyrmyň, eje? Tanadyňmy?
- Kim, gyz bi? Ogulbolly? Senmi?
- Hawa, eje, men. Tanadyň.
- Waý, Ogulbollym gelipdir-ä, guzym gelipdir-ä. Hä, ejemi göreýin diýip gaýdyberdiňmi? Halyndan habar tutaýyn diýdiňmi?
- Ýaranok diýdiler…
- Häli Ogulkeýik gelip gitdi. Oňa-ha aýtdym. Indem saňa aýtjak.
- Näme aýtjak, eje?
Garry diňe Ogulbolly eşidäýer ýaly pyşyrdap gepledi.
- Maňa bir är tapyp beriň.
- Hä?
- Maňa bir är tapyp beriň. – Ogulbollynyň birdenka ýüzüni sallanyny gören garry ýalbaryjy äheňe geçdi. – Görýäň-ä, bütin ömrümi dul geçirdim. Meňem göwnüm bar-a. Maňa-da är hözirini görkeziň-ä. Men-ä şu wagta çenli şol umyt bilen ýaşadym.
Ejesiniň çynydygyna, gara çynydygyna, asla henek etmeýändigine gözi ýetensoň, Ogulbolly: “Ýaranok diýýärler welin, bi işigaýdan ýeldirgäpdir-ä” diýip içini gepletdi.
- Häli Ogulkeýige-de aýtdym. Siziň göwnüňiz bir ýaly diýdim. Men bärde ärsizlikden ýanyp otyryn diýdim, ýaman horlanýan diýdim. Gaýrat et-de, maňa bir är tapyp ber diýdim. Ýaş-garry diýip, är dannaman diýdim.
- O näme diýdi onsoň? - diýip, Ogulbolly gara çyny bilen gyzyklandy.
- Näme diýer, Ogulkeýikdir-dä. Hiç zadam diýenok. Göwni bir ýaly otyr. Gaýtam aglaýa. Menem aglama diýdim. Ejeň ärsizligine gynanyp aglamaýanyňy bilýän diýdim. Aglajak bolsaň, hol ölen wagtym aglaber diýdim. Häzir şumjarma-da, maňa är tapyp ber diýdim. Oturdy-oturdy-da, sesini çykarman gitdi. Ah, Ogulkeýikden maňa är tapyp beren bolasy ýok-la. Özüň nemedäýmeseň, direnere gaýry adam galan däldir. Hä, Ogulbollym?
Ogulbolly näme diýse oňat boljagyny bilip bilmedi. Ýaýdandy.
- Wah, men pylan diýsem, ýalançy-da, eje.
- Beý diýme, guzym. Başy boş är kändir. Taparsyň. Tapyp beräýerin diý.
- Näbileýin-dä…
- Sora, ide. Soraşyp Käbanem tapypmyşlar. Senem taparsyň. Heleýsiz erkekleň ählisine gyran degäýen däldir. Häli görseň, men ýalyny gözläp ýörenem kändir… Ogulkeýigiň-ä ýüzüne köz degsin. Suhanam ondan idili doňuz däl. Ýaman kejeňek.
Ogulbolly mazaly derçigýänçä ejesiniň ýanynda çaý içip oturdy. Diňe şondan soň Suhan bilen Akgyzyň oturan tamyna bardy.
- Gyýw, ýeldirgäpdir-ä ol.
- Şeýle ýaly öz-ä - diýip Suhan agras dillendi.
- Äre çykjak diýip masgara etdi.
Suhan ýalandan geňirgendi:
- Aý, goý-a!... Beh!
- Hawa, maňa är tapyp beriň diýýä. Ömrümi ärsiz öturdim diýip otyr.
- Toba, toba! Daş edewersin! Hudaý saklawersin! Tüf, tüf - edip, Akgyz ýakasyna tüýkürdi.
Suhan aýalyna alarylyp bakdy-da:
- Baý, seňem ýaman pis häsiýetiň bar-ow. Edil ýöne ýöne bolşundanam beter edäýýäň - diýdi.
- Aý, jany sagat-la - diýip, Ogulbolly aýtdy. - Ine, hä diýmän birki günden açylar. Öňem bir gezek şuňňaly bolupdy. Ho-o, biz ýumruk ýaly gyzkak. Sen-ä ony bilýän dälsiň. Ogulkeýik bilse, bilýändir. Aý, ýok, olam bilýän däldir. Meňem çalaja ýadyma düsýär-ä. Kakam ölende ýeldirgedi-dä. Ilk-ä esli wagtlap geplemän gezdi. Soňam birden akyly üýtgäýdi.
- Soň nädip açyldy? - diýip Akgyz sorady.
- O zatlar ýadyma düşenog-a. Ýne, ine edil şu oturan ýerimizde çagşanja oraçamyz bardy. Senem şo wagt - Ogulbolly Suhana barmagyny çomaltdy - näçe aýlykdygyňy bilemok, özüň-ä emýädiň. Şonda sen-ä oraçamyzyň içinde aglap ýatyrdyň, ejemem işikde aýdym aýdyp otyrdy. Onsoň o Bibinabat gelnejem geldi. Bi nemäň ejesi…
- Jepbaryň ejesi - diýip Suhan ýatlatdy.
- Hawa, şo Jepbaryň ejesi gelip, ejeme bar, gyýw, aç öldürmejek bolsaň, çagaňy emdir diýipdi. Ana, şo zatlar-a bilýän. Şo, çaky, ýeldirgäp ýören uçurlary bolmaly.
- Onsoň emdirmi? - diýip Akgyz gyzyklandy.
- Kim bilýä? Emdirendir-le. O zatlar yadyma düşenok… Ýo-o, gorkup oturasy zat ýok-la. Derrew ýöne nemedip, açylar ötäýder. Zäk ýakyp görüň. Ýüzärlik tütediň. Göz degen bolmagy mümkin.
- Men-ä ýaman gorkdum gyz. Dogtora-zada bir görkezeliň diýdim - diýip Akgyz aýtdy.
- Ýo-o, dogtor nämä gerek?! Wagtlaýynça bir neme ol. Ine, nädip açylanyny bilmänjik galarsyňyz.
“Gözem düzelermikä?” diýip, Suhan içinden sorady. “Akly düzelse, gözem hökman düzeler” diýibem içinden özüne jogap berdi. Daşyndan bolsa:
- Belki, agzyňdan Hudaý eşitsin! - diýdi.
- Töwerek-daşyňyz bilenok dämi entek? Bildirmejek boluň. Äý, gowy däl-dä. Pylanyň ejesi däliräpdir diýseler abraýmy? Ýanyna del adam eltmäň. Çagalaram goýbermaň - diýip, Ogulbolly sargyt etdi.
Ikindinler ol gaýdarman boldy. Atagylyç motoryna mündürip, ony öýlerine eltip gaýtdy.
Şamlyk nahary garra Hatyja eltip berdi.
- Otur, gyzym, şujagaz yerde - diýip, garry ony saklady. Hatyja oturdy.
- Sen, gyzym, menden zat gizleme, dogryňy aýtr. Ynha, men telim ýyl bäri är tamamkinçiligi bilen otyryn welin, bi sawçylyga gelýän ýok-la? Men ýaly ärsiz heleý dünýede başga-da barmyka?
Hatyja bilemok diýen terzde eginlerini gysdy. Ol garrydan ýaşynýardy.
- Hm, bilemok diýsene… Gyzym, meň ýerimde sen bolan bolsaň näme ederdiň? Ärsiz galan bolsaň?
Hatyja ýakasyny tutup, çykyp gitdi.
Garry kime gönükdirilenligi näbelli äheňde sowal yzyna sowa ýagdyryp ugrady.
- Bu dünýäň erkekleriniň içinde ýekeje artykmajy ýokmy indi? Bütin erkek ähliniň içinde indi maňa är boljagy ýokmy? Ýa meň bir ýerim kemmi? Niräm kem? Owadanlygymmy? Haýsy heleý menden owadan? Nämüçin heleýleň hemmesiniň äri bar-da, meňki ýok? Nämüçin?
Garryny hiç kim eşitmeýärdi. Hatyja gapyny ýapyp gidipdi.Awtory - Kakamyrat Atayew

Комментарии
Отправить комментарий