#goshgular #GurbannazarEzizow
Obanyň üstüne çöküpdir agşam,
Gije ogurlapdyr belendi-pesi.
Uzakdan bir ýerden eşidilýär çala,
Uzyn-uzyn üýrýän itleriň sesi.
Ne ogry penjiräň aýnasyn sökýär,
Ne şemala ygşyldaýar söwütler.
Onda neçün yzyn üzmän daňa çen,
Beýle yhlas bilen üýrýärkä itler?
Keýpiň äheňi ýok olaň sesinde,
Duýulanok sesinde köňlüniň şady.
Aýralykmy, geçen günden ahmyrmy,
Ýalňyzlykmy, ýekeligiň perýady?
Için dökýän ýaly biri-birine,
Üýrüp-üýrüp öz möhleti ýetende,
Obaň ol çetinde goýýar birisi,
Beýleki başlaýar gaýra çetinde.
Süýndürip-süýndürip, inçeden-inçe,
Üýrende, sesleri ýüregiňi dilýär.
Ýöne item däl-de, köňli ýaraly,
Biriniň agysy bolup eşdilýär.
Diňe daň agaryp, adamlar örüp,
Öwsende obada durmuş şemaly,
Göwünleri biraz açylan itler,
Misli gussalaryn gizleýän ýaly.
Üýrmesin goýarlar, ylgarlar her ýan,
Tozan turzup küren obaň ýolunda,
Ne hesret, ne gussa ýatlaryna düşer,
Işe gümra adamlaryň ýanynda.

Комментарии
Отправить комментарий