Mezidiň ölümi oslagsyz boldy.
Aýňalmaz derde ýolugyp, üstüni kesele basdyran hassa däldi. Daş-töweregine hossaryny üýşürip, eňek atyp ýatan zady ýok. Tarpa-taýyn!
Dek düýnem balagyny dyzyna çenli çermäp, kepje bilen laý çykaryp ýördi, galybyny gürpüldedip, kerpiç guýýardy. Tut ýaly sagdyndy. At ýaly dabyrdyklap ýördi. Aty çykan ýaly keýpi kökdi. Kesesinden seredip, ertire çykman öljegine dagy eger-eger ynanar ýaly däldi.
Ol gije ýarymdan agansoň, oýanyp, daş çykmak üçin ýerinden turdy. Gerinip durşuna:
-Janam-a süýji diýýärler welin, uky ondanam bäş beter süýji bolaýmasa – diýip, agzyny giňden açyp, pallady.
Şonda äriniň hümürdisine düýşi ürken Läle ýorgany serpdi-de, bärsine öwrülip, gözüni açman, ýatan ýerinden oýaly-ukuly:
-Mezi-it! Senmi? Gijäň bir mahaly kim bilen gepleşýäň, gyz? – diýibem sorady.
-Men-le, men. Ýatyber. Seňem ukyň edil garry adamyň ukusy ýaly, sähel çybşylda ziňkildäp turuberýäň-aý – diýip, Mezit jogap berdi.
Garaňkylyga gözi öwrenişýänçä garaşyp durman, ol batyl adamyň edişi ýaly, diwary sermenekläp, seresaply ädim urdy. Tä gapydan çykýança gelin ýörişini edip gitdi. Ýaltalyk bilen aýakýoluna çykdy, gelýärkä ýüzugra agylyň ýanynda dem salym säginip, boýnuny süýndürip, mallara äňetdi. Eglip, suwly salmadan eline suw çaldy. Öýe giribem, aýalyny bimaza etmezlik üçin assa basyp, ýerine geçdi, gyşardy. Tiz uka çümdi we şondan soň oýanmady.
Daň agaryp, jahan ýagtylyberende Läle onuň böwrüne hürsekläp:
-Turjak dämi, gyýw? – diýdi.
Mezitden jogap bolmady.
Läle petigi saýgarmakçy bolýan ýaly diň-gögüne garap, biraz ýatansoň, gulagyňy deşip gelýän ümsümlige geň galdy. Äriniň hemişekisi deý “myş-myş” edip, endigan dem almaýandygyny şu wagt duýdy. Duýan dessine dikelip oturdy-da, çiňerilip, Mezidiň ýüzüne seretdi. Alagaraňkyda hiç zat saýgarmady. Ini ýürekýargynç bir erbetligi syzyp, düýrükdi. Özüni ýitirmezlik üçin “Ertiriň tämiz çagynda, perişdeleriň rysgal paýlaýan wagty, göwnüme getirýän zadym näme, gyz?!” diýip giňlige saldy. Onsoň köňlüne inen gümany düw-dagyn etmek üçin Mezidiň egninden tutup, yralady. Äriniň ýylysy giden we gatap ugran tenini eli bilen elläp görensoň, Läläniň haýýaty göçdi. Diňe şundan soň täleýinde bolup biläýjek elhenç şumlugyň başyndan inendigini on iki süňňi bilen syzdy. Agşam diri ýatyp, daňdan öli çykan ömürdeşiniň üstüne özüni zyňdy-da, ýer ýumruklap, bagyrmaga başlady.
-Wa-aý-ý, Mezi-it! Mezid-ä! Waý, bagtym ýatandyr-la! Aý, waý-eý, işim gaýdandyr-la!..
Daňdanyň ümüş-tamşynda iniňi tikenekledýän jynssyz aýal sesi ukuda ýatanlaryň zähresini ýarara getirdi. Daş işikde, köne keçäň bir gyrasynda ýaňy garysyny ýassanmaga ýetişen it şo bada tisginip, söm-saýak boldy. Agylyň künjünde ýatan goýunlar tebil tapynyp, tapyrdaşdylar, aýak üstüne galdylar. Jaýyň üçeginiň aşaky erňeginde höwürtge tutunan ene gumry ziňkildäp, başyny galdyrdy, boýnuny gyşardyp, öýden çykýan ahy-efgana diň saldy.
Läläniň hele-müçük iş üçin beýle uly galmagal etmejegini bütin durky bilen syzdy-da, ýarawsyz ýatan Owlak eje başyny ýassykdan göterdi. Duýdansyz inen hasratyň zarbyna düýpki otagdan oglunyň ýatan ýerine emedekläp, eňräp gaýtdy.
Bimahal çak çykan zenzelä beýleki otagda ýatan çagalaram tisginişip-tisginişip, ýerlerinden galdylar, bolan işe akyl ýetirip-ýetirmän, ejeleriniň sesine ses goşdular. Serhedini, çägini bilmeýän bibaş yzlaşyk golaý goňşularyň açyk duran penjirelerinden kürsäp girdi-de, ukuda ýatanlary oýaryp, zöwwe aýak üstüne galdyrdy.
Goňşy-golam derhal ylgaşyp geldi. Ajalyň ýaş-garry diýmän, her kimsäni islendik pursatda ýagdan gyl sogran ýaly edip, goýnuna dolap alyp gidiberýändigini onda-munda häli-şindi görüp ýörenem bolsalar, adamlaryň birentegi Mezidiň bir aýagyny göre sallap oturan ejesi ölendir öýdüpdir. Onsoň olar öý eýesiniň ýüzüni duw-ak edip, ortarada ses-selemsiz süýnüp ýatanyny, Owlak ejäniň bolsa onuň başujunda maňlaýyna goşa ýumruk urup, sesini endiredip, pelekden dat edip oturanyny görüp, ýakalaryny tutdular.
Mezidiň kakasy Aýmyrat aga öten agşam obaň ýokary çetinde ýaşaýan uly ogly Mämmetlere gidipdi. Ogly bilen gijäniň birmahallaryna çenli şerap içip, şol ýerde-de ýatyp galypdy. Mezidiň goňşularyndan ýaş oglanlaryň biri gidip, Aýmyrat agany alyp geldi. Ol eýýämhaçan tördäki otaga geçirilip, ak mata bilen eňegi daňylan Mezidiň ýanyna baryp, çökdi. Başyny aşak salyp, birsellem oturansoň, oglunyň ýüzüni sypalady, dodaklaryny müňküldedip, eşdiler-eşdilmez mydyrdady. Çygjaran gözlerini süpürdi we gowuşgynsyz ýöräp, daş işige çykdy. Şol wagt doganoglan inileriniň ikisi birlikde gelip, “Wa-aý, dogan-eý!” diýip, ses edişdiler, elleri bilen ýüzlerini tutup, Aýmyrat aganyň ýanynda ýüzin ýykyldylar. Bu sahna ýüregi ýukalan adamlaryň bokurdagyny doldurdy, gözleriniň öňüne gubar aýlady. Erkekleriň agy sesi aýallaryň oturan otagyndaky başly-barat orlaşygy has-da artdyrdy.
“Mezit öldi. Öýlän sagat ikide çykarýarlar” diýen habar Gün dogmanka böküp-böküp ilki obaň içine, soňam Mezidiň ýakynu-alysdaky dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine aýlanyp çykdy. Ýas ýerine gelýän mähelle gitdigiçe köpeldi, agy sesi bolsa güýjedi. Kän gözýaş döküldi.
Şum habary eşidip gelen pürenjekli oba aýallary öýe girip, dikeç ýaly somalyşyp oturan ýerlerinden ses edýänlere goşulyşdylar. Olar esasan öz ölülerini ýatlap aglaşýardylar. Çümre ýaglygyň üstünden gara seçekli atynan ýaş-ýuşrak gelinler sessiz, emma dowamly gözlerini sykyşdylar, şumjaryşdylar.
Owlak ejäniň sykyma gelen göwresi yranyp-yranyp gidýärdi. Ol bar güýjüni jemläp, agysyny aýdyma öwrüp, perýat edýärdi:
-Wa-ah, öýümiň öresi, jan ogul!
Gapymyň söýesi, jan ogul!
Goçgar ogul, goç ogul!
Mezidiň ýalňyz uýasy Gyrmyzy inçe sesi bilen:
-Wa-aý, gara dogan, gara dagym-a,
Bimahal hazan uran miweli bagym-a! –
diýip iňleýärdi.
Aýalynyň agy sesi ýiti bolsa-da, legzesi pessaýdy hem aýyl-saýyl däldi. Onuň:
-Çül-çagany ýetim goýan...
Ýyldyzy ir süýnen... –
diýen sözleri käte bir gulaga degýärdi.
Aýal-ebtadyň ýas aýdymlary ýygnanan mähelläň göwnüni dowamly dyrmalap bozýardy. Aýaklarynyň başam barmagy çatylyp, eňegi saralan Mezit bolsa dirilik alamaty bolmadyk ýüzüni ýuwusgadan gorkanyňky ýaly agardyp, törki jaýyň ortasynda, ýörite düşelen ýumşak çägäniň üstünde sarsman ýatyrdy.
Garrap, lagşan Aýmyrat aga daş işikde arkasyny tama berip, nazaryny bir nokada dikýärdi. Assyrynlyk bilen synlaýan gözlere ol binobat ölümden nadyl ýaly, özüniň öz perzendinden öň ölmänligine gynanýan ýaly bolup görünýärdi.
Mezidiň aglamakdan ýaňa ýüzi-gözi pökgerip çişen ogly Kuwwat atasyna ýaplanybrak gelene-gidene göz astyndan seredýärdi, käte burnuny çekýärdi. “Ölen adamyň ruhy öz öýüniň töwereginde, öz ýakynlarynyň ýanynda perwaz urup ýörermiş” diýip eşiden gürrüňi ony birneme gorkuzýardy.
Mezidiň basdaş agasy Mämmet bolsa kakasynyň iki ädim aňyrsynda yzly-yzyna çilim kükedip, aýak üstünde durdy. Erkek adamlar ilki bilen bularyň ýanyna gelip, gynanç bildirýärdiler, duýgudaşlyk edýärdiler:
-Behh, şeýle bolaýdymy? Wäh diýlen ýaly boldy.
-Näme ýarawsyz dagy ýatyrmydy?
-“Ýatan ölmez, ýeten öler”. Dek düýn öýlän dükanda gabatlaşdym. Öljege meňzänokdy. Häý, pahy-yr!
-Gaýrat ediň! Merdiräk boluň! Göni gelen ajala çäre barmy nä? Maňlaýyna ýazylandyr.
Aýmyrat aga gara-ört ýüzüni ýerden galdyrman dymýardy.
Mämmet gözýaşa boglup duran ýerinde jogap hökmünde käte bir çalaja baş atyp, iki egninden dem alýardy.
Gün dogar uçurlary obaň beýemçisi Söýün geldi. Ol boýnuny gyşardyp, gele-gelmäne güňleç sesi bilen oňa-muňa tabşyryk berip ugrady.
-Heý, Tahyryň ogly! Tahyryň ogly dämi sen? Gel hany meň ýanyma! – diýip, ilki bilen ulagly oglanlaryň birini ýanyna çagyrdy. – Sen ilki bilen Nurmämmet agany ýanyňa al-da, jaý gazýanlary ýygna! Wagt ýitirmän, öwlüýä dep, günortana çenli jaýyny taýyn ediň! – diýdi.
Onsoň birini kepenlik mata üçin iberdi. Ýene birini kepen biçip, merhumyň geýimini tikýänleri alyp gelmek üçin ugratdy. Meýit ýuwýan gussallara habar ýollady. Meýidi ýuwanlarynda ulanar ýaly çogan sargap getirtdi. Jynaza okaljak ýeri belli edip, arassa çäge ýazdyrdy. Tabydy we beýleki gerekli zatlary getirmek üçin obaň metjidine ulag ugratdy. Iki sany ýigdekçä mazaryň başujuna we aýagujuna diker ýaly syrdam tal agajyny çapyp getirmegi buýurdy. Mollaçarrak ýigitleriň birine döwür edilende gerek boljak zatlary tükelläp goýmagy tabşyrdy.
Düşegaşylyk üçin uly janlyny idenekledip äkitdiler-de, mellegiň aýagujundaky garry erik agajynyň saýyrdyň şahasyndan asyp soýmaga durdular.
Kimdir biri ýylmanak bişen kerpijiň ýüzüne Mezidiň adyny, doglan we ölen senelerini ýazdyrmak üçin Rejep mugallymyň öýüne gitdi.
Şeýdip, merhum üçin berjaý edilmeli soňky dessurlary bitirmäge girişdiler.

Комментарии
Отправить комментарий