ÖLÜP-DIRELEN /Romandan bölekler 2-nji bolegi dowamy bar

 

 Öliň-diriň jaýyna uçursyz ussat hasaplanýan Nurmämmet ussa görmanlaryň öňüne düşüp, gonamçylygyň ileri ýüzünden – hatar tutup gelýän mazarlaryň aýagujundan pili bilen çapyklap, Mezidiň gabrynyň gazylmaly ýerini görkezdi. Onsoň gyryljyrap duran sesini durlamak üçin yzly-yzyna ardynjyrap:

-Yssa galman alalyň, oglanlar! Gaýrat edeliň! Şu gün-ä hasam erbet, kapas – diýdi.
Degenek pyýadalar çukur gazyp başladylar. Gün guşluga galanda kelte arakesme etdiler. Görmanlaryň biri alada basyrynyp oturan ýerinden:
-Nummat kaka, şü ölen adamyň algy-bergisi nähili bolýar? – diýip sorady.
Nurmämmet aga birhaýuk dymansoň:
-Yzyndakylar hasap-hesip etmeli – diýdi. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – Malyny terekä salmankalar üzlüşmeli.
-Algyň bolsa ýa-ha geçmeli, ýa-da öýlerindäkilerden almaly. Bergiň bolsa-da eltip bermeli – diýip, başga bir görman has anyk düşündirdi.
Nurmämmet aga baş atyp tassyklady. Gözüni bir nokada dikip, oýa batdy. Onuň Mezide bergisi ýokdy, eýse, algylam däldi. Ol Güjük aganyň Mezitden lomaýja algysynyň barlygyndan habarlydy. Näme düşünişmezlik bolanyny Nurmämmet aga magat aýdyp biljek däl, emma Güjük aga pahyr Mezitden algydar bolup ölüp gitdi. Mezit ony razy etmedi, bergidar bolup ötdi. Hasaplaşyk kyýamata galdy. Ynha, indi o dünýede Güjük aga Mezidiň ýakasyndan ebşitläp tutar-da, “Bergiňi ber!” diýer. Mezit näderkä? Ýany bilen-ä, ýedi gary biýzden başga äkidip biljek zady ýok. O ýerde-de “Ynha, şuny al-da, menden bir razy bol, ýakamy goýber!” diýäýer ýaly, hany, üýşüp ýatan tylla-teňňe bardyr öýdýäňmi? Toba! Mezidiň dat gününe! Hudaýym, dünýäň maly gursun! Dünýe maly dämi adamlary ýagy-ýesir alakjadyp ýören?!
Mezidiň gabrynyň kiçi jaýyny gazmaga başlanlarynda görmanlaryň içen çaý-suwy ajy dere öwrülip, köýneklerini endamyna ýelmeşdirdi. Gün dik depä çykyp, ot sowrup ugranda olar ýene-de kelte arakesme etdiler.
-Mezit dagy üç dogan eken-ä – diýip, gabyrmanlara täzelikde goşulan ýaş oglanlaryň biri ýanyndaky görmana habar gatdy.
-Hawa. Mezitden kiçi bir gyz doganla
ram bolmaly. Şony hasap etseň, üç bolýar.

-Hasap edip-etmän näme... Gyz bolanda näme? Dogan dogan bor-da.
Görmanlar syrly ýylgyryşdylar.
-Mezidiň öz-ä hasap edenokdy. Sen hasap etseň, edäý.
-O nämüçin?
-Aý, balam, hemme zady biljek bolup ýörmezler. Diňleme bulary. Işiňi et – diýip, Nurmämmet ussa gatyrgandy. Ol beýleräk çekilensoň, ýaňky ýaş oglan:
-Nirede o gyz doganlary? Nämüçin hasap edenoklar? – diýip sorady.
-Hudaý bilsin nirdeligini! Käte şäherde gördük diýýänler-ä bar.
-Näme edipdir ol?
-Bä-ä, inim, gaty gyzyklandyň welin, heleýiňi kowup, oňa öýlenäýsem diýýäňmi?
Ýaş gabyrman sesini çykarmady.
Biri saklanyp bilmän:
-Inijigim, hyýalyň bolsa, aýt, salgysyny bereýin. Ýöne baran ärinde uzak durup bilenokmyş – diýip güldi.
Muny Nurmämmet ussa eşiden ekeni.
-Utanaňzokm-aý? Öwlüýäň içinde şular ýaly gürrüň edilýänmidir?! Heý, Şalyň inisi, Guwançmy sen? Guwanç bolsaň, senem ýaman köp sorag berýäň? Beýtme ahyryn. Bar ondan-a o ýapdan bir bedre suw getir.
Guwanç gonamçylygyň gaýra ýüzünden geçýän akar suwly ene ýaba garşy ugrady. Baryp, ilki bilen ýüzüne, boýnuna suw çaldy. Köwşüni çykaryp, jalbaryny çermedi, aýaklaryny ýuwdy. Köwşüniň bagjygyny daňyp otyrka üç ädim beýlesinde, gür biten gamyşlygyň arasynda ýatan solak gyzyl reňkli mata bölegine nazary kaklyşdy. Ýok, mata bölegi däl ekeni. Ol ýyrtyk ýerlerinden pagtasy çykyp duran köne ýorgança bolup çykdy. Ýorgança togalanypdyr, düýrlenipdir, bir gyrasy açylypdyr. Guwanç boýnuny süýndürip, äňetse, ine, ýorgançanyň arasynda, aňyrsy görnüp duran ýelim haltanyň içinde kinniwanja, demsiz-düýtsüz, saň gaty adam çagajygy ýatyr! Haltanyň kä ýerlerindäki çyr-çyrşak sülekeýiň daşynda bolsa gök siňekler we eşegarylar wag berip duran eken.

Комментарии