ÖLÜP-DIRELEN /Romandan bölekler 3-nji bölek

 

 Emma Mezit ölmändir! Çeýnemeli çöpi tükenmändir. Ynha, ölen ýaly etdi-de, direldi oturyberdi.

Ýuwup, päkläp, kepene çolansoňlar, jynazasyny okamak üçin daşky gapa garşy göterip ugranlarynda onuň tabytda ýatan jesedi çalaja gymyldap gitdi. Merhumyň üstüne boýdan-başa çekilen mawut dartylyp, gowşap, astyndaky birgeňsi hereketi görer göze äşgär etdi. Mezidiň sessiz aglap barýan ýakyn garyndaşlaryndan ikisi şol bir wagtda ümezläp gubar baglan gözlerini gyrpyjykladyp, ýiti-ýiti seredip, towlanjyraýan göwräni belli-külli saýgardylar. Olaryň biriniň-ä gorkudan hem aljyraňňylykdan dili tutulyp, şo demde ýüzüniň reňki üýtgedi. Beýlekisi bolsa nazaryny jesediň gymyldaýan ýerlerinden aýyrman durşuna, bar güýji bilen tabydy yza garşy çekip:
-Duruň-eý! – diýip jynssyz gygyrdy. Gygyrdy-da, ýalana çalymdaş çyny hemmelere eşitdirmek üçin öňküdenem gaty ses bilen:
-Ölmändir-r! Ölmändir-eý! Gymyldaýa! Serediň, serediň, ana, gymyldady! Ana-a! Gördüňizmi? – diýip, şowhun turuzdy.
Merhumy soňky ýoluna ugratmaga gelen mähelle birhowa doňup galdy. Möňňürýänleriň, hamsygýanlaryň, ýaka ýyrtyp, saç ýolup aglaýanlaryň ählisiniň sesine suw sepildi. Öýi göçüräýsem diýýän ahy-pygan jylawlandy. Her kim bilesigelijilik hem haýran galmak bilen ses çykan tarapa seredişdiler. Adamlaryň käbiri mümkin boldugyça tabyda garşy süýşenini özi-de bilmedi. Gözi bilen göräýmeseler, ýas ýerine üýşen adamlar üçin ölä täzeden jan girmesi ynanyp bolmajak gudratdy. Birbada olaryň käbiri özüni ukuda ýatan ýaly duýdy. Bu huşa sygmaz waka bolsa düýşde bolup geçýändir öýtdi. Elbetde, adamlaryň köpüsi güýçli tok urgusy zerarly ýüregi wagtlaýyn togtan we birazdan soň ýene-de öňki kaddyna gaýdyp gelen adamlar barada çişirilen gürrüňleri eşidipdiler. Ölüp, direlýänler hakda boýdan-başa toslama ýugrulan hyýaly kinolara hem tomaşa edipdiler. Emma häzir bularyň göz öňünde bolup geçýän zatlar kino däl, düýşem däl, eýse, barypýatan hakykatyň özi!
Adamlar itenekleşip, dyklyşyp, hakykatdan hem tabytda ýatan Mezidiň mawut matanyň astynda esasan ellerini hereketlendirmek üçin jan edýänini gördüler.
Agyr hesrete tap getirmän, özüni ýitirip, şalkyldap gaýdybermezligi üçin Läläni iki sany gelin goltugyndan tutup, saklap durdy. Ol bularyň elinden sypdy-da, tabydyň daşynda egele bolup duran erkekleriň arasyna kürsäp urdy. Özüni Mezidiň üstüne zyňaýmazlygy üçin kimdir biri onuň ýoluny kesdi.
Mezidiň eňräp-eňräp sesi tükenen garry ejesi hem birki sany aýal-ebtady söýget edinip, çybşyldap bärligine gaýtdy. Ony hem golaý getirmän sakladylar.
Şu ikarada ýüregi gowşak goňşy gelinleriň biri ýüzüniň reňkini üýtgedip, duran ýerinde çalam-çaş ýykyldy. Ony derrew aýak üstüne galdyrdylar. Emma özüni saklap bilmedi. Gelniň sallanan gabagyndan we mum-helim bolan göwresinden çen tutup, halynyň egbardygyny aňdylar. Onsoň ýüzüne sowuk suw sepip, özüne getirmek üçin ony etli-ganly gelinleriň üçüsi goltuklap, göter-göter edip daşaryk çykardy.
Mezidi bolsa tabytdan düşürmän, şo ýatyşyna düýpki otaga geçirdiler. Ýüregi ýerindäki üç-dört kişi üstüni açdy. Öli geýiminden çykaryp, oňa diriligindäki eşiklerini geýdirmäge durdular. Şonda uzak wagtlap olaryň aýagy tibirdedi, elleri sandyrady.
Mezit bolsa, entegem doly özüne gelmän ekeni. Arasynda çalaja gabagyny göterip, gorkuly düýş görýän adam ýaly, iňläp ýatyrdy. Dogumy hereketlerinde mese-mälim görünip duran biri süpürgiç bilen onuň ýüzüni ýelpedi, birden demi kesilip, gaýtadan öläýmesin diýýän ýaly, ýaňagyna dözümsiz urup durşuna ýuwaş sesde:
-Mezit! Aý, Mezit, hany gözüňi aç! – diýdi.
Mezit gözüni açmady. Ýöne özüniň diridigini tassyklaýan şekilde yňranjyrady. Ony giňiş ulagyň yzky oturgyjynda keseligine ýatyrdylar-da, ýanyna ýakyn hossarlaryny alyp, derhal hassahana göterdiler. Ýashana üýşen mähelleden bilesigeliji adamlaryň on bäş-ýigrimisi bularyň yzyna düşdi.
Mezidi gözden geçiren äýnekli çal saç lukman ýanyndaky şepagat uýalaryna indiki etmeli işlerini tabşyryp, daş çykdy. Ol gapyň agzynda Mezidiň ýany bilen gelen we hümer berip wagyrdaşýan tomaşasöýer adamlara seredip, tä dym-dyrslyk bolýança äýnegini gözünden aýryp, ses-selemsiz durdy. Gowurdy ýatansoň, bolup geçen wakany hakyky gudrat diýip hasaplaýan märekä ýüzlendi-de:
-Letargiýa! Muňa letargiýa diýilýär. Siz diri adamy jaýlajak bolupsyňyz! – diýdi.

Комментарии