Köne ýorgançany içindäki kiçijik jesedi bilen gamyşlygyň arasyndan sogrup çykaransoňlar, gabyrmanlar bäbejigi taşlap giden adam gözlerine iläýjek ýaly, töwerege ýalt-ýult garadylar, wagyrdaşyp, esli durdular.
-Şu işi kim edendir öýdýäňiz? – diýip, olaryň biri ýaman kyn sowal berdi.
Gabyrmanlar: “Biz-ä bilmedik” diýşip, eginlerini gysdylar. “Bilýän bolsaň, özüň aýdaý, kimiň işi?” diýýän ýaly, takyk jogap tamakinçiligi bilen sowal bereniň özüne soragly seredişdiler.
-Kimem bolsa, äre çykmadyk gyzyň işi! – diýip, ol welilik satdy.
-Anyk kimdir öýdüp çaklaýaň? Kimiň gyzy bolup biler? – diýip, ondan soradylar.
-Onçasyny biljek däl. Ýöne ärli heleý edermi şuny? Etmez! Ärli-zatly düzüw heleý dogrup, çagasyny öwlüýä taşlap gitmez.
-Doganda öli dogdumyka bi? – diýip, gabyrmanlaryň biri gyzyklandy.
-Diri dogandyr. Esed-ä, aýy-güni ýetik ýaly-la. Diriligine şu ýere taşlap gidendir. Şu ýerde-de ölendir.
-Haçan taşlandyka?
-Şu gün. Ir bilenjik taşlap gidipdir.
-Sen nä bilýäň?
-Görnüp dur-a. Düýn-öňňin zyňlan bolsa, bu çaka beýdip ýatmazdy. Teni bozulardy. Asyl it-guş muny tüýt-müýt ederdi.
-Onda bizi görüp, gorkusyna şo ýere taşlap giden bolýa-da. Görülse, tanaljak-da.
-Beh, birden-birimiziň gözümize ilmeýşini diýsene. Aýagyzy-zadam galmandyr. Ýerimiz takyr-da. Öz-ä gaýra gapdaldan gelen bolmaly.
Her kim bir alamat görjek bolýan deý gaýra tarapa seredişdiler.
-Beh, indiki gyzlar öwlüýäden-zatdanam gorkanog-aý. Nädip ýürek edip gelibildikä şu ýere?
-Äre çykmanka ýürek edip, garnynda çaga göteren mundan gorkunç ýere-de barar.
-Wah, seniň bir... ganjyk... – diýip, gabyrmanlaryň iň gaharjaňy dişini gyjap, bäbejigi dogrup taşlap giden gyza gaýybana paýyş sögündi.
-Indi näme etmeli muny? Şeýdip, ýüzüne seredişip duralyňmy?
-Alan ýerimizde goýsag-a bolmaz. Günüň aşagynda ýatsa, derrew nemeder, zaýalanar.
Bu ýagdaýy ymmata sygmajak wejeralyk hökmünde gaty ýokuş görenligi üçin häliden bäri ses-selemsiz ýüzüni ajadyp duran Nurmämmet ussa:
-Ýerlemeli bolar – diýip, ahyry öz pikirini aýtdy. – Hojagaz ýerden kiçijik mazar gazyp, jaýlalyň. Birem şuny hiç ýerde gürrüň etmäliň. Hiç kim bilmesin! Görenem biz bolaly, gömenem!
-Hawa – diýip, gabyrmanlaryň biri bu pikiri goldady. – Esasanam heleýiňiziň ýanynda diliňize bek boluň! Heleýiň içinde gep ýatýan däldir. Eşiden güni äleme ýaýratmasa ynjalmaz.
-Bilnäýse, şu topbagymyz bilen sülçä gatnadybam itiň gününi görkezerler. Eýlä-beýlä çagyryp, sorag üstüne sorag berip, hi-iç tüketmezler – diýip, biri has-da gorkuly gürrüň etdi.
-Dogry aýdýaň! – diýip, başga biri onuň üstüni ýetirdi. – Gerek bolsa, mazarynam açdyrarlar. Analiz-zat üçin gerekdir... Tapan ýerimizi surata düşürip... Biz bilgilidir öýdüp, gyssajaklarynam aýdaýyn. Hany, nädip ynandyrjak?
Muňa hiç kim şübhe etmedi. Şol sebäpli olaryň käbirine jenaýata dahylly adamyň jezasyna garaşýan pursadyndaky wehimi ýetişdi.
-Indi muny näme, şu durşuna ýerläýmelimi? Jynaza-pynaza gerek dälmi? – diýip, görmanlaryň biri Nurmmämmet ussadan sorady.
-Öli dogan bolsa, jynaza okalmaýar. Öli dogdumy, diri dogdumy, Hudaý bilsin! Ýöne haltasyndan bir çykaryň. Ýorgançasyna dolap, jaýlaýarys – diýip, ussa maslahat berdi.
Görmanlar bäbejigiň meýdini ýelim haltanyň içinden çykaranlarynda gaty seýrek eşidilýän geň-taňlygyň şaýady boldular. Bäbejik iki jynsly hunsa bolup çykdy.
-Asyl şular ýaly bir belasy bar eken-dä – diýip, biri şo bada netije çykardy. – Ýogsa, synasy düz bolsa, kim çagasyny zyňyp gitsin bärik?!
Olar ilkinji gezek görýändikleri üçin täsin ýaradylan adam çagasyny synlap, birsellem özara gep atyşdylar.
-Ene-atasynyň özi demikdirip öldürendir muny.
-Ýa-da bir güýçli ukol bilen öldürendirler. Hudaý saklasyn! Daş edewersin!
-Adamlar gaty zalym bolupdyr.
-Eýse, özüň şular ýaly çagany saklarmydyň?
-Saklamasamam, şeýdip öldürib-ä taşlamazdym. Maýyp çagalaň saklanýan ýerine tabşyraýardym.
Edil şol wagt Guwanjyň el telefonyna jaň geldi. Ol iki ädim gaýra çekilip, telefonyny açdy. Aňyrdan gepleýäni diňläp, gözlerini tegeläp, iki baka dynuwsyz ýöräp ugrady. Jaň edýäniň sözüni bölüp:
-Goýsana, how, oýun etme! Samsyg-eý sen! – diýdi. Biraz diňlänsoň ýene gürrüňdeşiniň sözüni böldi:
-Öwlüýä kessin diý!
Aňyrdan gepleýän ant içdi öýdýän. Guwanç biraz sakawlap:
-Du-dur entek, Nummat k-kakama berjek telefony, alýo-o, üf-üff, eşidýäňmi, şuňa-da aýt şu diýýän zadyňy! – diýdi.
Ol telefony Nurmämmet aga uzadyp, henize-bu güne çenli bu jelegaýlarda eşdilmedik möhüm habary ýetirmek üçin howlukmaçlyk bilen ýoldaşlaryna ýüzlendi:
-Mezit ölmändir-eý! Ölmändir! Ine, Goçmyrat jaň edýä, direldi diýýä, bize-de gaýdyň, öwlüýäde işiňiz ýok diýýä.
-Nähili bold-aý bu gün? Edil düýş ýaly.
Gabyrmanlar “beh-de beh” bolşup, birde Guwanjyň, birde-de Nurmämmet ussanyň ýüzüne seredişdiler. Ýaşuly olary kän garaşdyrmady. Telefony gulagyna tutup, az salym diňlänsoň, äm-säm halda geňirgenip durşuna Guwanjyň diýenlerini gaýtalady:
-Beh, Mezit direlipdir diýýär biý-ä. Henek edýäne meňzänok. Gara çyny bilen janykýar, duz kessin diýýär. O nädip direldikä?
Gabyrmanlar bu habara begenmelidigini unudan ýaly, alasarmyk ýagdaýda birsellem bir-biriniň ýüzüne “Çynmyka?” diýen soragly nazar bilen seredişdiler. Olaryň biri öz gulagy bilen eşidip, anygyna ýetmese, teý ynjalyp bilmedi. Jübüsinden telefonyny çykaryp, kimdir birine jaň etdi. Munuň til kakany-da aňyrdan şaňňy sesi bilen gygyryp, Mezidiň ölmändigini, has takygy, ölüp, ine şuş-şu wagt direlendigini dabaraly äheňde tassyklady.
Onsoň Nurmämmet ussanyň maslahaty bilen gabyrmanlar Mezit üçin gazylan gabyrda köne ýorgança dolanan hunsa bäbejigi gyssanmaç depin etdiler. Soň daňdan öli çykyp, günortanlar direlen Mezidi öz gözleri bilen görmek üçin oba eňdiler.

Комментарии
Отправить комментарий