ÖLÜP-DIRELEN /Romandan bölekler 5-nji bolegi dowamy bar

  

 Mezitlere ýygnanan adamlar wagty bilen dagamady. Ýasa diýip üýşenem bolsalar, olar toý şowhuny bilen dem alýardylar. Bolup geçen wakanyň täsirinden çykyp bilmeýärdiler. Ýene-de nähilidir bir tomaşa bolaryna garaşýan ýaly, tamyň kölegesinde we dalbaryň saýasynda ikibir, üçbir, kä ýerde köplük bolup üýşüp otyrdylar. Esasan ölüp-direlmek barada başly-barat gürrüň edişýärdiler.
Kimdir biri bu bolýan zatlary halys aklyna sygdyryp bilmän:
-Hany, bi Magtymgulymy-kimmi, bir-ä “Eý, ýaranlar o dünýä giden bar-da, gelen ýok” diýen ýaly bir zadam-a ýazypdyr. Hakykam, gidýän bar-da, yzyna gelýäni ýog-a. Ol onda ýalňyş ýazdymyka? – diýip, sorady.
-Goý, ho-ow, goý! Bihh! Ine, gördüň-ä ýaňy, Mezit gidip geld-ä! – diýip, başga biri onuň al-petinden aldy.
-Gördüm-le. Göremsoň aýdýan-da. O nädip ol ölensoň... Ýüregi işlemese, dem almasa... Men düşünemok.
Özüni has pähimli görkezjek bolýan adamlaryň biri:
-Düşünmeseň, han aga, Magtymgulyň başga goşgusynam okap gör. “Ölmek hak, direlmek hakdyr” diýýän ýerem bar – diýip, Kyýamata degişli gürrüňi delil getirdi.
Hudaýguly diýen biri:
-Bir döwür men şäher keselhanasynyň pejine seretdim. Şonda-da şuňa meňzeş bir ýagdaý bolupdy – diýip, adamlaryň köpüsi üçin gorkuly bolan bir wakany aýdyp berdi.
Hudaýgulynyň gürrüň bermegine görä, ol gyşyň sowuk günleriniň birinde ýarygijeler buşukmak üçin hajathana gidipdir. Hajathana gitmek üçinem meýithananyň ýanyndan geçmeli. Pylança ýyl işläp ýörenem bolsa, Hudaýguly hemişe meýithananyň ýanyndan geçende digdenekläp, gorkup geçýär ekeni. Çünki meýithananyň meýitsiz wagty gaty seýrek bolýarmyş. Şol günem galpyldap geçip barýarka onuň gulagyna meýithana tarapdan “Agam jan!” diýip gygyrýan sandyrawuk adam sesi eşdilipdir. Hudaýguly ziňk edip, tisginipdir, erbet düýrügipdir. Ädimi gowşap, aýagy çolaşypdyr. “Ja-an, agam!” diýip, aglamjyraýan ses ikinji gezek gaýtalanypdyr. Şunça seretmäýin diýse-de, Hudaýgulynyňky bolmandyr. Nädip aýak çekenini, nähili edip yzyna gaňrylyp garanyny özem bilmän galypdyr. Ine, seredip görse, meýithananyň öli saklanýan otagynyň çyrasy ýanyp dur diýýär. Äpişgesiniňem bir gözi açyk. Aňyrsynda-da ýüz keşbi oňly saýgartmaýan, inçesagt, arryk bir adam penjiräň iç ýüzündäki gözenege maňlaýyny diräp, aldygyna Hudaýguluny çagyryp dur. Şonda Hudaýguly elheder alyp, derhal iman kelemesini öwrüpdir. Muňa arwahdyr öýdüpdir. Emma arwah diýilýän zat bir-ä aýal sypatynda gezermiş, birem öňýeteniň gözüne görnüp ýörmezmiş. Onsoňam Hudaýgulynyň düşünjesine görä, arwahlar ummadan güýçli bolmaly. Penjiräň gözenegine hötde gelip bilmejek bolsa, ondanam bir arwah bormy? Onsoň Hudaýguly golaýrak baryp äňetse, hakyt ölüp-direlen bir adam depesinden gan aldyrjak ýaly boýnuny sallap, çuw-ýalaňaç teniniň üstüne ýukajyk ýüň ýorgança atynyp, ör-boýuna galyp dur diýýä. Özem süňňüni saklap bilmän, eňegini şakyrdadýarmyşyn. Belli zat, meýithananyň buz ýaly ýylmanak daşynyň üstünde ýatyp, mazalyja üşän bolmaly. Onsoň Hudaýguly: “Kim sen? Muň içinde näme işleýäň?” diýip sorasa, ýaňky: “Jan agam, gapyny aç, meň daşymdan gulplap gidipdirler” diýip, hamsygyp ugrapdyr. “A sen aslynda nädip girdiň bu ýere?” diýse, “Bilemok. Gözümi açsam, birgiden öliň arasynda ýatyryn” diýipdir. Hudaýguly biraz ekezlenip: “Sen ogrulyga gelen-ä dälsiň-dä?” diýip, güman edipdir. O bolsa: “Jan agam, ogurlyk seň ýadyňa düşýär. Ogurla diýeňde bi ölüleň nämesini ogurlaýyn? Men ölä bolamok, gaýrat et, çykar meni!” diýip ýalbarypdyr. Onsoň Hudaýguly haýygyp, nobatçy lukmanyň ýanyna eňipdir. Şol gün onuň agzy uçuklap, ynha, şu görünýän çal kellesiniň gylla ýary şonda agarypdyr. Özem ertire çenli onuň buşukmak diýilýän zat ýadyna-da düşmändir. Soň görüp otursalar, ýaňky ölüp-direlen adam içip, köçede ýatyp-turup ýören, öýsüz-öwzarsyz bir ykmanda ekeni. Hetdenaşa köp içip, ganawa ýykylyp, ýüreginiň hem wagtlaýynça togtanlygy onuň meýithana getirilmegine sebäp bolupdyr. Ol ykmandany Hudaýguly soňam onda-munda telim görüpdir. Her gezekde-de lül-gammar halda gabat gelipdir. Şoň üçin bir saparam onuň ýanyna barmandyr. Eger ol guşagy kädili gümbaş bolmadyk bolsa, Hudaýguly hökman özüni tanadardy. Şonda ölüp-direlen ol adam Hudaýgula halat-serpaý ýapsa-da, ýapardy.
Bu gürrüňi ýapa degmejek ýalan hasap edip, ynanmadyk adamlar seňriklerini ýygryşyp, ters sowal ýagdyryp, Hudaýgulyny aljyradyp ugradylar. Oňa çenlem hassahana gidenleriň köpüsi gaýtadan Mezitlere dolandy. Olar Mezide derek henize çenli bu ýerde oturanlaryň eşitmedik “letargiýa” diýen üýtgeşik sözüni alyp geldiler.
-Men şony güman edip otyrdym-da häliden bäri – diýip, çaga lukmany Geldimyrat adamlara düşündirdi. – Letargiýa – wagtlaýyn agyr uky diýmek. Kesel ol. Özem bejerip bolmaýan kesel! Has takygy, şindi dermany tapylmadyk dert. Ýöne, näme, adamzat ylmy bir ýerde duranok, geljekde ösüp-ösüp, hökman syram açylar, dermanam tapylar.
-Indi Mezit näme etmeli? Dermany tapylýança şeýdip ýatmalymy? – diýip, biri sabyr-takatdan gaçyp sorady.
-Ýok, Mezit eýýäm açylandyr. Hiç zat bolmadyk ýalydyr. Ynha, şu gün goýbererler. Men o kesele beled-ä. Kän gördüm – diýip, Geldimyrat aýtdy.
Ara sähel böwşeňlik düşen badyna Rejep mugallym:
-Françisko Petrarka diýen italýan şahyryny tanaýaňyzmy? – diýip, oturanlaryň biriniňem tanamajak adamsyny sorady. – Tanamasaňyz, zeleli ýok – diýip, ol edil mekdepde okuwçylaryň öňünde sapak geçişi ýaly dowam etdi. – Ana, şo Petrarka hem Geldimyradyň diýýän keseline duçar bolan. Özem gaty güýçli şahyr. Bäş ýüz ýyl bäri ady dilden düşenok. Munuň goşgulary dagyn-n... Laura bagyşlap ýazan sonetleri-i... – Rejep mugallym başyny ýaýkap, gözüni süzdi. Adamlaryň käbiri: “Häzir bu işigaýdan kellesiniň gyzgynyna goşgy dagam okaýsa gerek” diýip pikir etdi. Emma Rejep mugallym goşgy okamady. Iňňän ähmiýetli bir zat ýadyna düşüp, öňküsinden-de dabaraly gepledi. – Oh, ana-a! Gogol-a bilýäňiz baryňyz – diýip, ol ýeke-ýekeden oturanlaryň ýüzüne seredip çykdy.
-Kimi?
-Gogol! Nikolaý Gogol!
-Bilemzok – diýip biri köpçüligiň adyndan jogap berdi.
Rejep mugallymyň görnetin bady gaçdy.
-O nähili bileňzog-aý? Ors ýazyjysy Gogol? O-ol “Derňewçini” ýazan? Mekdepde geçilýär-ä, okansyňyz-a?
Oturanlaryň biri bilse-bilmese:
-Hawa, bilýäs, bilýäs, yzyny aýt – diýip, gyssandy.
-Ana, şo Gogolam ölüp-direlen. Emma giç direlipdir-dä. Jaýlanandan soň direlipdir. Soňam ýeriň aşagynda howa ýetmän, ikinji gezek çyny bilen ölü

Комментарии