Mezit çaga mahallary kän gezek “ölüp-direlipdi”. Öýüň içinde onuň ýörite “ölýänje” ýeri bardy. Şo ýere geçerdi-de, süýnüp, gymyldysyz, dem alýanyny bildirmezlige çalşyp, “ölüp” goýbererdi. Muňa esasan ejesi bilen kakasy, käte-de bassaş agasy Mämmet sebäp bolardy. Olar sebäpli-sebäpsiz Mezidiň göwnüne degerdiler, ýumşuny bitirmezdiler, öýkelederdiler. Mezit bolsa olara göz görkezmek islärdi. Onuň pikiriçe, ulular eden işlerine puşman bolmalydylar, ökünmelidiler. Indi gaýdyp dagy-duwara Mezidiň göwnüne degmejekdikleri barada ant içip, awy ýalamalydylar. Emma ulularyň galapyn göwni bir ýalydy. Mezidiň “ölümine” özleriniň sebäp bolanyny olaryň bilmän galýan wagtlary hem bolýardy. Köplenjem bu “ölümiň” soňy uka ýazardy. Garaşylan netijäni bermänligi üçin Mezidiň bu oýny uzaga çekmedi. Derrew galdy.
So-oň, öýlenip, öýli-işikli bolansoňam, Mezit bir gezek “ölüp-direlipdi”. Şol gezek bir ownuk iş üçin aýaly uzakly gün iňirdäpdi, wagty bilen tüketmändi. Mezit bolsa, Läläni gorkuzyp, toba getirmek üçin eline ýüp aldy-da, odur-budur goýulýan bassyrma girdi. Gapyny kiltledi. Ýüpi ýokarky nawlaryň birinden aýlap geçirdi-de, halka ýasady. Aýagynyň aşagyna agaçdan ýasalan çelegi düňderip goýdy. Läle gelip, penjireden seredende-de, gapydan garap görende-de Mezidi göterip duran çelek görünmeli däldi. Ol öňüne köne-küşül zatlary goýuşdyryp, aýaklarynyň dyzyndan aşagyny we çelegi gözden gizledi. Onsoň kellesini halkadan geçirip, ýüpi biraz dartdy. Başyny aşak sallady, boýnuny gyşartdy, ellerini öz ugruna goýberip, gowuşgynsyz halda “Gele-er! Gitjek ýeri nire? Hany, göreli!” diýip, Lälä garaşyp başlady.
Äriniň eline ýüp alyp, bassyrma girenini görenem bolsa, Läle birbada oňa pitiwa bermedi. Hüňürdäp ýörşüne bir içeri girdi, bir-de daş çykdy. Wagty bilen yzyna çykmadyk Mezidiň ol ýerde ne işe gümradygyny görmek üçin we oňa eşitdirip gygyny pürkmek niýeti bilen ol bassyrma garşy ugrady. Baryp, ilki bilen penjireden garady. Görse, ine, Mezidiň göwresi ýüpden asyl-asyl bolup dur! Läle hatda gorkmaga-da ýetişmän:
-Waý-ý, Mezi-it! – diýip, jynssyz gygyrdy we gapa okduryldy. Nireden nähili güýç geleni belli däl, ol bir zarbada gapynyň kildini sogrup taşlady.
Bardy-geldi hakykatdan hem öläýse, aýalynyň özi üçin saç penjeläp aglajakdygyna gözi ýetip, edil şo pursat Mezidiň damagy doldy, gözleri ümezledi. “Bu samsyk heleý şu wagt öňki-soňky ähli edenine ökünýändir” diýen pikire mübtela boldy.
Läle atylyp gelip, Mezidi göterip duran çelege dagy asla ünsem bermän, äriniň aýaklaryndan gujaklap, ýüpden boşatjak bolup urundy. Arasynda aglamjyrap, bir zatlar diýip samyrdady. Aýalynyň şular ýaly aljyraňňylygyny ilkinji gezek görüp, Mezidiň nebsi agyrdy. Ol mundan artyk durup bilmedi.
-Hany, süýş beýläk, özüm aýraýyn – diýip, ol hiç zat bolmadyk ýaly parahat gepledi, boýnundan ýüpi aýyrmaga durdy.
Bu zatlaryň barynyň oýun bolup çykandygy üçin begenmelidir diýen pikir kellesine gelmän, äriniň guran “oýnuna” Läläniň jany dagyn ýandy.
-Wah, ulalyp oňalmadyk ýeleksiz! Oýun bormy şundanam?! – diýip, ol çyny bilen ses edip aglady.
Mezit:
-Wagtynda geldiň. Şunça gelmedik bolsaň, gijä galýadyň. Oýun däl – diýip oýun etdi.
-Men şu wagt aljyrap, Gaýtarmyş ataň ýoluna gara janly aýtdym. Ana, öz emeliňe özüň çolaşyp, birgiden zyýana galdyň. Böken ýaly janly kesersiň indi – diýip, Läle soňrak, biraz özüne gelensoň igendi.
Mezit bolsa:
-Janlyny aýdan özüň, özüňem berersiň. Meň-ä arta-süýşe pulum ýok. Özüň gazan, özüňem ber! – diýip, bilgeşleýin aýalynyň gaňryşyna gaýtdy.
Läle bu wakany ýüregine sygdyryp bilmedi. Agşamlyk gaýynenesine gürrüň berdi. Owlak eje haýygyp, içini çekensoň:
-Şo wagt perişdeler omyn eden bolsa, ýüpem demiňi kesen bolsa, näderdiň? Biý-ä ajalyna gol bulaýa diýip, Ezraýyl demligiňe ýapyşdy-da! Nätjek? Toba-toba!.. Wah, kellejigi kesilen! Wah, döremän geçen! – diýip käýindi. Soňam yrym edip:
-Baryň şo ýüp bilen şo agaçdan gara towuk asyp goýuň! – diýdi.
Aýmyrat aga bolsa gaharyna sandyrap, titräp:
-Häk sen, doňuz! Aklyň çagaňkyça-da ýok... Häk... Wah... – diýip, uzak wagtlap şo bir sözüni gaýtalady oturdy.
Aýallara sähel tutaryk bolsa bolýar. Soň-soňlaram Mezit bilen sözi azaşan pillesi Läle:
-Sen şo-o gezek özüňi asaňda ölmelidiň. Seni Gaýtarmyş atam jan alyp galdy. Men şo gezek gara janly aýtmadyk bolsam, sen bu wagt ak baýdaklyda bolardyň. Minneti menden çek! – diýip, suňşurardy.
“Ak baýdakly” diýýäni – gonamçylyk.

Комментарии
Отправить комментарий