Hassahanada lukmanlar Mezidi kemsiz barlagdan geçirip, ýanbaşyndan iki gezek, çignindenem bir gezek sanjym etdiler. Içmeli derman-därilerini ýazyp berdiler. Aram-aram lukmanyň gözegçiliginden geçip durmagyny tabşyrdylar. Birgiden maslahat berdiler. Äýnekli çal saç lukman:
-Esasan kellä dynç ber! Beýnä agram salma! – diýip, kän ýanjady.
Şo günüň öýläni Mezit hiç zat bolmadyk ýaly öýüne gaýdyp geldi. Pylança ýyllyk ýowuz jeňden başbitin dolanyp gelen ýaly her kim onuň bilen gadyrly gujaklaşyp, görüşdi.
Elbetde, öldi habary ýaýrap, salym geçmänkä-de ýylgyrjaklap, sag-salamat aýak üstünde gezip ýören adamyň töweregi şowhunsyz bolmaýar. Bilesigeliji adamlar zerur işlerini taşlap, tomaşa keýpi bilen ýene-de Mezitlere üýşdüler. Olaryň tas hemmesiniň gözüne Mezit o dünýä gidip gelen we ol ýerden üýtgeşik bir habar alyp gelen adam bolup göründi. “Adamlar, men-ä, ynha, o dünýä diýilýän ýeri öz gözüm bilen görüp gaýtdym. O ýerde, ynha, şu zeýilli zatlar bar ekeni” diýäýjek ýaly onuň agzyna aňkardylar. Köňlüni gümana beren kişileriň birki sanysy teý ynanyp bilmän, bu bolýan zatlara Mezidiň çykaran samsyk hokgasy hökmünde seretdi. “Adam oýnajak bolýandyr. Hiý, ölen adamam bir direlermi?! Gör-ä, sypaty ölüp-direlene meňzeýärmi?” diýip, şübhe etdi. Hatda olaryň biri gapdalyndaky ýoldaşynyň gulagyna ýarym pyşyrdy bilen: “Oýun edýändir-le, walla. Ynha, iň soňunda ýalan bolup çykar, gör-de duruber. Men beled-ä muňa” diýip, müňkürligini daşyna-da çykardy.
-Mezit han! Bu nä boluş, haw? Näme ýaramajak dagy bolaýdyňmy? Beýtme ahyryn. Tasdanam gitse-gelmeze ugradypdyk – diýip, Emin aga onuň alkymyna dykylyp sorady.
-Aý, agyrrak uklaýypdyryn öýdýän, Emin kaka! Näme bolanyny özümem bilemok – diýip, Mezit çyny bilen jogap berdi.
Emin aga hasasyny ýere tyrkyldadyp, diňe Mezide däl, hemmelere degişli edip:
-Sanalgyň dolmasa, gezer ýörersiň. Adamyň demi ozalebetinde sanalyp goýlan. Şo sanalgydan ýekeje dem artygam bolmaz, kemem! – diýdi.
Adamlaryň köpüsi “Gözüň aýdyň!” diýişip, käbirleri “Nanyň bitin ekeni” diýip, daş işikde wagyrdaşyp esli durdular. Kimdir biri:
-Ezraýyl berk käýinç alar muň üçin. Ýalňyşmaly däl-dä – diýip degişdi.
Adamlar işikdäki düşege geçdiler. Mezidiň düşegaşy üçin soýlan goýun toýa çalymdaş meýlise, şady-horramlyga ýarady.
Bir garynda ýatyp, bir göwüsden emen süýtdeş ýekeje inisi ölüp, täzeden direlse, adam hany-manyny orta goýup, dünýe malyndan geçmäge taýyn. Mämmet tarhandökerlik etdi. Ol saçagy giňden ýazdyryp, başyňy aýlaýan içgili çüýşeleri bol getirtdi. Mezidiň kakasy Aýmyrat aga-da meýlise goşuldy. Ýaş-ýeleňleriň biri oňa şeraply käsäni uzadyp, nutk aýtdyrdy. Mämmet bolsa, adamlaryň içgiden kellesi humarlap, başy aýlanmanka ör turup:
-Ertirem sadaka berýändiris-haw. Gelmelidir. Ýörite barybam aýdyp gaýdarlar – diýdi.
Mezidiň aýaly Läle begenjinden ökjesi ýere degmän, dylym-dylym edýärdi. Bir iç girip, bir-de daş çykyp, hyzmat bilen gara başyna gaý, haýdap ýördi. Ara böwşeňlik düşen mahaly Mezit ony bir gyra çekip:
-Men size näme diýipdim? Kimiň işi şü? – diýip, gaharly sorady.
-Toba! Kim näme iş edipdir? – diýip, Läle ör-gökden gelip, ýakasyny tutdy.
Mezit öýe ümläp:
-O nämüçin gelipdir? Ölsem, patama-da gelmesin diýmänmidim? Kim getirdi şony? – diýdi.
-Kimi? Gyrmyzynymy? – diýip, Läle äriniň “O” diýýänini çaklap sorady.
-Hawa. Şony.
-Özi geldi. Birinden eşidendir-dä.
-Bar, derrewjik ugrat, gözüm görmesin!
-Bolmaz-a, gyýw! Waý... Diýýäniň näme? Kowubermeli bormy? Özi gitmese...
-Takal okama, ugrat derrew! – diýip, Mezit talap etdi.
Läle ýaýdandy.
-Men näme diýeýin oňa? Gönümel tur, git diýip bilmen-ä! Öý heleýden doly.
-Näme diýmän?! Öwüs diý şu ýerden. Seň gelmeli gapyň däl diý. Ýa özüm baryp diýeýinmi?
-Ýog-eý, sen bir barma. Otur ýeriňde. Masgara-a... Il näme diýer? Häzir özüm bir zat ederin.
-Bar onda, gaýdyp dagy-duwara şu gapa toýnagyň sekmesin diý!
Läle kynlyk bilen başyny atdy.
Az salymdan Gyrmyzy ýüzüni asyp çykyp gitdi. Garma-gürmelikde oňa hiç kim ünsem bermedi. Diňe Mezit içiýangynly garaýyş bilen onuň yzyndan seredip galdy.

Комментарии
Отправить комментарий