ÖLÜP-DIRELEN /Romandan bölekler 8-nji bolegi dowamy bar

   

Gyrmyzynyň durmuşy oňup ötägitmändi.
Mekdebi gutaran ýyly Kowus atly şäherli bir jalaýa duçar gelip, ol yşk oduna tutaşdy. Ony öz ömrüniň sarsmaz sütüni hasaplap, birsellem goýanyny-göterenini bilmeýän mahluga döndi. Hiç aýňalmady. Kowuslar tarapdan bassyr üç gezek gelen iki sany sawçy aýal üç gezegem “kowuldy”. Olara: “Entek gyzymyzyň başy ýaş. Öňünde özünden uly öýlenmedik oglan bar. Iň bolmanda bir ýyl garaşyň” diýip gaýtardylar. Şo wagtlar Mezit öýlenmändi. Gyrmyzy bolsa oňarmady. Ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Bu söwdada utulanyny ol bir aýdan soň bilip galdy. Görüp otursa, munuň ýeke özüne degişli hasap edip ýören gujagyna başga-da girýän bar ekeni. Birem däl, köp ekeni. Gyrmyzy ýanar oduň içinde galdy. Örtendi, ýalbardy, aglady, “Özümi heläklerin” diýibem gördi, emma Kowusa boýuntyryk geýdirmek oňa başartmady. Alty aýdan soň düýbünden başga adama öwrülip, garnyny gujaklap, atasy öýüne geldi. “Göreli hany. Bir gelsin bakaly. Geler. Göwrämde çagasy bar. Gelmän, gitjek ýeri ýok” diýen umyda bendi bolup oturdy. Kowusdanam, gaýynlaryndanam habar tutan bolmady.
Gyrmyzynyň ejesi bilen kakasy birbada töwella tamakinçiligi bilen seslerini çykarmasa-da, Mezit çydamady. Girse-çyksa, iňirdäp-hüňürdäp, wagty bilen tüketmedi. Her näçe agyr bolsa-da, diliniň gysgalygy hem naçarlygy Gyrmyzyny sessiz gözýaş döküp, dymmaga mejbur etdi. Ahyry Mezit ýaryldy. Ýüzüni ajadyp, kakasynyň ýanyna bardy-da:
-Men, gowusy, göçäýeýin-le – diýdi.
-Nirä göçjek? Bi nähili gürrüň boldy?
-Şul öýde ir oturmaýyn, ile gep bolup. Hanha, dözmeziňiz bar-a, şo ýurt eýe bolar-da – diýip, Mezit gyjalat berdi.
Aýmyrat aga:
-Han-ow, bes et, heleý ýaly içi güjükli gürrüň edip oturma. Näme, neneň bolýar, garaşyp göreli – diýip gaharlandy.
-Wah-h, kaka, seň ol köreken edinjek bolýaň deýýusyňa men beled-ä. Bele-et! Idejek haramzada däl ol.
-Idemese, maňlaýyna ýazylan bardyr. Görer-dä.
-Onda duluňda dogrubersinmi? Binamyslyga salyp gezibermelimi şeýdip?
Aýmyrat aga elindäki käsäni dazyrdadyp, Mezitden saldy.
-Häk seniň bir... Döremän geçen...
Elbetde, şo wagt bu gürrüňleri beýleki jaýda galpyldap oturan Gyrmyzy hem eşidipdi. Ol birsellem şumjaryp oturansoň, düwünçegini alyp, öýden çykdy. Ejesi yzyndan:
-Göni gaýynlaryňa bar, eşidýäňmi, başga ýere baryjy bolaýma! – diýip gygyryp galdy.
Gyrmyzy gaýynlaryna barmady. Şähere gitdi. Bir kempiriňkide kireýine ýaşap başlady. “Meni gaýgy etmäň. Size azarymam ýetmez, agramymam düşmez” diýip öýlerine habar ýollady. Mekdepleriň birinde tam süpürjilige işe durdy. Iki ýarym aýdan soň aýy-güni dolup, bir gyzjagaz dünýä indi. “Ejeň ýaly şor maňlaý bolma! Bagtyň gül kimin açylsyn!” diýip, Gyrmyzy gyzjagazyna Bagtygül diýip at goýdy. Tiz wagtdan aýalyny bimahal ajala aldyran Döwran atly ýaş mugallymlaryň biri Gyrmyza eýe çykdy. Üçünji gatdaky iki otagly garyp külbesiniň howry öçen ojagyny täzeden alawlatmak üçin Gyrmyzy bilen goş birikdirdi. Saglyk bolup dursa, durmuş uzak ýyllar birsydyrgyn asudalyga, rahat ýaşaýyşa eýlenmelidi. Emma Döwran kelte ölçän ekeni. Alys ýola gitjek hemrasyny tanamandyr. Onuň dury suw diýip eňegini basany gyrmança bolup çykdy. Çünki Gyrmyzy muňa imrikmedi, ýaňy gülüp bakan bagtynyň ýüzüne urdy. Aşaky gatda ýaşaýan jahyl goňşusynyň aýalbaz garaýyşlaryna ýesir düşdi, onuň demine dartyp barýan ýylan jadysyna aldandy, oňlulygy wada bermeýän haýasyzlyga çyn söýgüdir öýtdi. Eredi. Garagy gapyldy, aldawçy hyýallaryň yzyna düşdi, ýat gujakdan sapa gözledi, soňuny saýmady, töwekgel oýnady. Bu oýnuň soňy masgaraçylyk bilen gutardy. Bipeýan haýu-höwes Gyrmyzynyň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, şo-ol öňküje kireýine ýaşaýan jaýyna getirip taşlady. Suw ýaly bäbejigi bilen hiç bir pişesiz oturan Gyrmyzynyň egninden gara bokurdak üçin edilýän alada basdy. Öý eýesi kempir yzgytsyz ýüzüni bagyr ýaly gyzardyp:
-Dünýä şäriksiz bolup, öýe busup oturma! Bazara çyk-da, çörek satyber. Taňryň güni darydan känmiş. Haçana çen beýdip oturjak? – diýip, maslahat berdi.
Gyrmyzy:
-Bir tanşym çagalar bagynda iş boljak diýdi. Gyzym üçinem oňat boljak şo. Biraz garaşyp göreýin – diýip ýalan sözledi.
-Heýlemi? Gör-dä özüň. Aýam aýak bolup barýar. Jaý tölegiňem bardyr – diýip, öý eýesi duýdurdy.
Gyrmyzy: “Aç ölýänem bolsam, bazara çykyp çöreg-ä satman” diýip gahar bilen öz ýanyndan karara geldi. Emma ol uly pällän eken. Laýyk bir hepdeden soň açlyga hem alaçsyzlyga tap getirmän, gyzyny öý eýesi kempire goýup, bazara çykdy. Çörekçileriň birine satyjy bolup işe durdy. Ýöne özüni tanatmazlyk üçin diňe gözi görnüp durar ýaly ýaglyk bilen ýüzüni büredi. Geplände sesini üýtgedibräk gepledi.
-Gyzgyn çörek bar, ýaňyja bişen täzeje tamdyr çöregi! – diýip, ol bazary hatar-hatar syryp başlady.
Ujypsyz hak-heşdek Gyrmyzynyň hatardan galyp barýan arabasyna az-kem tekge berse-de, ýetde-gütdelik her ädimde bildirdi durdy. Bazar köpüň üýşýän ýeri. O ýerde gyzylly huma büdreýän kän. Ýöne çörek satyp, elpe-şelpe durmuşa ýetýän barmyka? Gyrmyzy bu ýerden bol-elin sowurtlar ýaly düşewünt tapmajagyny bilip dur. Oňa gara bokurdakdan ötürer ýaly damagyny gazanyp bilse ýetik.
Bir gezek bazardan çykyp, öýüne gaýdyp barýarka Gyrmyzy orta ýaşan, titi geýnen, degişgen, dili bilen alyp-ýolup barýan kireýkeşe duş geldi. Ol Gyrmyzyny öýüniň gabadynda düşürip gitdi. Pul almady. Ertesi ahyrbazar ýene gabat geldi. Ýene muzdsuz öýüne düşürdi. Bu ýagdaý dört-bäş gün gaýtalanyp, ahyry oňa Gyrmyzynyň başyny aýlamak başartdy. Gorka hem aljyraňňylyga ýesir düşen gelni yalbara-ýalbara şäheriň çetindäki boşlaň jaýa getirdi. Şol gezek bir sagatlyk keýpi-sapa üçin ol Gyrmyzynyň ýarym aýlyk gazanjyny berdi. Şeýlelikde, bol-telki ýaşaýyşa bolan ymtylyş bir aýdan soň Gyrmyzynyň erkini güýlüp, aýşy-eşretli bir dünýä getirip taşlady. Ilki-ilkiler juda utançly hasap eden hereketleri, sözleri, gylyklary sähel wagtda adaty ýagdaýa öwrüldi.
Gyrmyzynyň el-aýagynyň biraz giňäp başlanyny duýan dessine öý eýesi kempiriň hem äheňi süýjäp ugrady. Bir gün gelip, bazarda bahalaryň galýandygyndan, özi ýaly ýekelli aýalyň güzeran aýlamasynyň kynlaşýandygyndan zeýrendi. Ýene bir gün gelip, Gyrmyzynyň jaý üçin tölegini azajyk ýokarlandyraýmasa başga alajynyň galmandygyny, şäherde kireýine ýaşalýan jaýlaryň hemmesiniňem bahasynyň göterilendigini aýdyp, jaý tölegini ýokarlandyryp gitdi. Gürrüň arasynda Gyrmyzynyň köçä çykyp, kim bilen näme etse-de, nirä gitse-de, zowal ýokdugyny, emma welin, howla del-dül kişiniň, esasanam erkek göbekliniň girmeli däldigini, gije-girim wagtyragynda öýe köwlenmelidigini, eger göze düşäýse, oňuşmajakdygyny, şol günüň özünde goşuny arkasyna daňmaly boljakdygyny sypaýyçylyk bilen düşündirdi.
Onsoň bir gün, gyşyň örküjinde Gyrmyzynyň durmuşynda has elhenç şumluk boldy. Günortadan soň ol ýaňy dil açyp, jedirdäp ýören Bagtygüljigi ýatyrdy-da, daşyndan gulplap, köçä çykdy. Soňky günler ýygy-ýygydan gelip, Gyrmyzyny ulagyna mündürip äkidýän jalataý oglan hol aňyrrakda garaşyp duran ekeni. Ol Gyrmyzyny äkitdi-de, sagat ýarymdan soň ýene şol ýerde düşürip gitdi. Gyrmyzy ýaşaýan howlusyna golaýlaşanda howlukmaç ylgaşlaýan adamlary, burugsap, dik ýokary galýan çalymtyk tüssäni, çabraýan ýalny görüp, yakasyny tutdy. Atylyp gelse, howlyň içi ibirt-de-zibirt. Adamlar elleri bedreli iki-baka elewreşip, ýalmawuz dilini çar tarapa bulaýan ody söndürjek bolup ýören eken. Kireýine yaşaýan otagynyň kiçijik penjiresinden lowlap çykyp duran gyzyl ody göreninde Gyrmyzynyň haýýaty göçüp, gözi garaňkyrady. Öçürilmedik tok peji bilen däbşenekläp ýatan gyzjagazynyň suraty göz öňünde bir pursatlyk ýanyp öçdi-de, ol iniňi tikeneklediji ses bilen bagyryp, oda garşy okduryld

Комментарии