Içki syryň aýtma her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni.Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen hem söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň depesine täç eder seni.Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
Jemalyny bir görmäge zar bolsa,
Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.Sopular ýaňylyp, aýtmaz senany,
Säher tursaň geçjek barça günäni,
Aýtmawer gybat söz, etme zynany,
Dowzahyň oduna duş eder seni.Magtymguly, ile ýaýdym nesihat,
Zynhar, ýaman bilen bolmagyl ülpet,
Hudaý berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.

Комментарии
Отправить комментарий