Turkmenin alabay iti. Taryhy gelip chykyshy:Hazirki gunde beyleki tohumlar bilen garyshman,


 ozinin in gadymy gornishini saklap galan dog gornishli itlerinin yeke tak tohymy bar.Bu gayduwsyz,wepaly,guychli,chydamly,akylly turkmen alabayydyr.

Itlerin yashayysh durmysh yzlary Turkmenistanyn in gadymy mekanlarynda dush gelyar.Jeytun obasyndan itin ystyhany tapylda.Bu bolsa chaklamalara gora,shol dowurlerde Turkmenistanyn territoriyasynda itin iri tohumyny osdurip yetishdirilendigi gorkezilyar.
Chaklamalara gora,maldarchylygyn osmegi bilen surini goramak ucin gadymy dog gornishli itlerin amatly gornishini osdirip yetishdiripdirler.
Alabayyn gadymylygyny tassyklayan has guychli maglumatlaryn biri hem 2003-nji yylda Ajyguyy medeni oturymynda tapylan iki sany iri tohumyn ystyhanydyr(T-32 we T-80 mazarlary).Polshadaky radiokarbon barlaghanasynda gechirilen barlaglaryn esasynda,mazarlaryn gadymy munyyllyklara degishlidigi anyklanyldy.
Alabaylaryn shekiljikleri we heykeljikleri antik we orta asyr eyyamynyn harabachylyklarynda-da dush gelyar.
Alabayyn saylanyp alynyshy:Ata-babalarymyz gujugi heniz suytden ayrylmanka,oz enesine sayladar eken.Yagny,shol gujiklerin ilkinji doglan it yatagyny berbat edip,olary mashgalasy bilen gochurmage mejbur edipdirler.Shol wagt enesi haysy chagasyny tutyp akitse shony hem saylapdyrlar.Sebabi enesi ilki bilen gujuklerin in dogumlysyny,gayratlysyny saylap akidyar.Alabay iti saylap sechmegin bu usuly ginden peydalanylyypdyr.
Gujuk dowrinin dowurlere bolunishi we olara seredilishi:
I dowur gujuk dunya inip 35 gun gechyancha.Bu dowirde gujuk ejiz we charesizdir.Iymiti esasanam suytdir.Doglandan son gujigin 20-25gunden gozleri achylyp bashlayar,sesleri seljeryar.
II dowur 35-60 gunun aralygy.Bu dowirde iymiti suydin dashyndan gatyk we cig et bolyar.Dish chykyp bashlayar.Bu dowurde gujugin oz adyny bilmegi owretmeli.
III dowur 2 aylykdan 6 aylyga chenli bolan dowir.Bu dowir itde goranmak,uyrmek,hynranmak yaly hasiyetler kamilleshyar.
IV dowur 6 aylykdan 12 aylyga chenli bolan dowur.Bu dowurde uly ite mahsus hasiyetler doreyar.
V dowur 1 yashdan 2 yasha chenli bolan dowur.Bu dowurde hakyky it bolup yetishyar.
Itin gulagy-guyrugy kesilmegi: Gujuk doglandan son 1-2 gun gechirilip gulagy-guyrygy kesilyar.
Seredilishi, iymitlenishi:Ys alysh agzalarynyn ishini guychlendirmek uchin itleri agsham garanky gatlyshanda,irden bolsa aladandan iymitlendirilyar.Shol wagt aralygynda itler garanky jayynda goyulan iymiti gormezden,ysyrganyp iymage mejbur bolyar bu bolsa ys alyshynyn guychlenmegine sebap bolyar.

Комментарии