"Ýaşlyk". Awtory-Gurbannazar Ezizow.

 Gazaply kazy deý, mydam başymda. 

Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.

Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän, şowhunly günler,

Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara,
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup gijeler,
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygymy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarymyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklerimi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar, ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bilen egilip ýörüs.
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy.

Комментарии