20 ýaşda bilinäýmeli esasy 20 zat


 Amerkan biznes-türgeni Žulmen Smit uly ýaşa üstünlikli gadam goýmak isleýän ýaşlar üçin ýönekeý we gymmatly maslahatlaryň 20-sini düzdi. Geliň bu düzgünleri ýatda saklalyň. Sebäbi köpler muny 40 ýaşynda bolsa-da bilmeýärler.1. Dünýe seni samsyk edip goýmaga çalyşýar. Tä bank töleglerinden başlap, täsin-berhizlerine (dieta) çenli göz boýagçylyga ýüz urýar. Bilimsiz adamlardan pul sypyrmak we olary dolandyrmak aňsat bolýar. Näçe başardygyňyzça, baý, özbaşdak we bagtly bolmak üçin – öz-özüňiz bilimiňizi artdyrmaga çalşyň.2. Bilim berýän institutlara körlük bilen ynanmaň. Olar okuw meýilnamalaryny taýýarlaýançalar, ulgam könelýär, käte olar ýetişäýenlerinde-de orta ýolda galýarlar. Gowusy, bir zada eýerip däl-de, liderlik bilen adamlaryň hormatyny gazananyň we öwreneniň ýagşy.3. Näçe başardygyňyzça, köpräk okaň. Çalt okamagyň tehnikasyny ýatkeşligiň ýokary derejesi bilen ele alyň. Bir kitaby bir hepde-de hakykatdanam doly okap bolýar.4. Hemmeler bilen hemişe gürleşmäge çalşyň. Gürleşmekde ussat boluň. Her bir adamda özüňe ýaraýan ýerini tapmagy öwren, soňra şunuň bilen onuň tarapyna geç.5. Sypaýy boljak bolup wagt ýitirme. Sypaýylyk – munuň özi, hakykatda tersine wagty, siziň emosiýalaryňyzyň belli bir karara gelmekdäki aýgytlaýjy ölçegdigine ynanjyňyzdyr.6. Biri bilen gatnaşanyňyzda nämedir bir zat sizi ýakymsyz geňirgendirýän bolsa, siz ondan diňe bu gatnaşygy kesip saplanyp bilersiňiz.7. Özüňizden ulular bilen köpräk gürrüňdeş bolmaga çalşyň. Ulular bilen söhbetiň gymmaty, siziň ýaşyňyzdakylaryň belli bir netijä gelmekdäki çemeleşmeleriniň size känbir kömek etmeýändigindendir. Ulular bolsa siziň soň biljek zatlaryňyzy hem bilýändir – şonuň üçin olardan soranyňa-da deger.8. Özüňden ökderägi (seni gyzyklandyrýan bolsa) gözle we olar bilen wagtyňyzy geçiriň. Bu öz-özünden wajyp bolsa-da, onuň netijesi hem wajypdyr – öz toparyňyzda ortalyk däl-de, gowusy bolmaga çalşyň.9. Wagt geçdigiçe siz konserwator bolarsyňyz. Bu ýöne bir faktdyr. Sizi daş-töweregiňizdäkiler edil köpürjikler ýaly «kwo statusy» (ýagdaýa görä) eýelärler. Hut şonuň üçin hem iň bir akyla sygmajak ideýalary edil HÄZIR durmuşa geçirmegiňiz gerek. Soňra, ynanaýyň, siz has gorkak bolarsyňyz.10. Çykdaýjylaryňyz has ýokary derejede azaldyň. Bu size meniň ýokarda aýdan akyla sygmajak ideýalaryňyzy amala aşyrmagyňyz üçin ätiýaçlyk toplamaga mümkinçilik berer.11. Belli bir zat bilen (wagtlaýynça) dereje gazananyňdan, derejäni amaly bilen gazanyň. Başgaça aýdylanda, täze şkafy edineniňden, Pariže gezmäge gitmek – gowy saýlawdyr. Şunuň ýaly saýlawyň durmuşdan alynýan kanagatlanmanyň derejesini artdyrýandygyny geçirilen barlaglar görkezýär.12. Eger mätäçlikde ýaşaýan bolsaňyz, pul meselesini çözüň. Internetden peýdalanyň, sebäbi zatlary auksionlardan arzan hem alyp bolar. Eger siz bu aýlykdan ol aýlyga çenli ýaşaýan bolsaňyz, bu wagty iki hepde-den üç hepdä çenli, soňra, alty aýa we ahyrynda bir ýyla çenli uzaltmaga çalşyň. Esasy maksat – 5 ýyl öňe, meýilleşdirilýän döwre ýetmekdir.13. Öz iş günüňi meýilleşdirmegi öwren. Bu logikany, ýady we göz öňüne getirmeleri gowy ösdürýär.14. Ýaşlykdan artykmaç semremäň. Ilkibaşda gormonlaryňyz kömek eder, soňra bu mümkinçiligi ýitireniňe degmez, şonuň üçin öz bedeniňizi türgenleşdiriň.15. Nahar bişirmegi öwreniň. Bu siziň durmuşyňyzy ýönekeýleşdirer, iýmitlenmek adatylygyny bes edip, gymmat zerurlykdan ýakymly pişä öwrüler, özem puluňyzy hem tygşytlarsyňyz.16. Oňatja uklaň. Uky we özbaşdak nahar taýynlamak size artykmaç semremezligiňize kömek eder. Eger siz «men öli ýaly ýatýan» ýa-da «meniň etmeli zatlarym köp, ýatmaga elim degenok» diýip pikir edýän bolsaňyz, ýatda saklaň «ukyňyzy almasaňyz siz NETIJESIZ işlärsiňiz», ukynyň wagtyny gysgaltmak size kömek etmez.17. Özüňize ýazgy depderini ýörediň. Beýniňizdäki ýadyňyza arkaýyn bolmaň. Ýagdaýy ýene-de bir zat etmeli halyňyza, belli bir zady «etmelidim öýdýän» diýen derejä ýetirmäň. Diňe ýazgylara bil baglaň.18. Özüňize uly maksat goýuň we tötänlikden peýdalanmaga ýol beriň. Eger siz, elbetde, boljak zady göz öňüne getirmän, ýöne, bir zady maksat edinen bolsaňyz, onda ol has irräk bolar.19. Haýsydyr bir ugurdan hünärmen boluň. Daşyndan aýlanyp ýörmän, bir işe 5 ýylyňyzy sarp ediň. Eger siz soňundan käriňizi çalyşasyňyz gelse-de, - öňe gidiň. Ýöne belli bir ugry saýlaň we şol ugurdan ussat boluň.20. Adamlary düzetjek bolmaň. Gowusy, zaýalanmadyk birini tapyp, şonuň bilen dostlaşyň.

Комментарии