Enäni begendirmegiň ýollary. Enäni begendirmek – dünýäni begendrimek bilen barabar. Olar sähel zada hem monça bolýarlar.
Esasanam, öz perzentleriniň her bir hoşamaý sözi, asylly hereketi, gazanan üstünligi, il-güne ýagşylyk edip bilşi ýaly göräýmäge adaty edim-gylymlar hem eneler üçin iň uly sowgat. Şonuň üçin her birimize iň arzyly ynsan bolan eneleriň göwnüni tapmak, olary begendirmek gaty bir müşgil hem däl. Geliň, şeýle amallaryň käbirini ýatlap öteliň. Bular biziň hemmämiziň ýerine ýetirip biljek amallarymyz.Her bir toý, dabara, doglan gün we beýleki şanly senelerde, meselem durmuş guran günleri, ogullaryny öýeren günleri, ogullarynyň üstünlikleri, sapardan sag-aman dolananlygy, bahar möwsümine başy bitinlikde ýetendikleri, keselden sag-aman gutulandyklary... mynasybetli oňa ýakymly sözleri aýtmagy, ýagdaýyň bolsa her birine laýyk gelýän sowgatlary saýlamagy unutma. Enäni ak ýüregiň bilen gutla we oňa sowgat ber. Çünki “iň ýagşy ynsan – elinde haýyr we yhsan” diýen ýörgünli söz bardyr.
Doganlaryňyza düşünmäge çalşyň, çünki ene üçin perzentleriniň agzybirligi, arkalaşygy, birek-birege ýardamarka boluşlary begendirýän ýagdaýlaryň biridir. Enäniň öňünde perzentleriniň geçiş döwründäki müşgillikleri örboýuna galýar. Şonuň üçin perzentler özaralarynda birek-birege düşünmäge çalyşmak ýörelgesini alyp gitseler, agzybirlik we özara düşünişmek tebigaty enäni begendirýän esasy zatlaryň biridir.
Enä aýdýan sözleriň paýhasly bolsun. Olar senden hergiz ýaramaz, gödek, paýyş, göwnedegiji söz eşitmesin. Beýle sözler enäniň ynjalygyny gaçyrýar we olara ruhy taýdan ezýet berýär. Hat-da enelere “uff” diýmegiň hem gadagan edilendigini bilýänsiň. Iň bärkijesi şol bolsa, beýleki gödek sözler hakda näme aýdyp bolar?!
Ýola şaýlanmakçy bolsaň, sapar-syýahata çykmakçy bolsaň, iň soňky hoşlaşanyň ene bolsun. Gözüň düşenlerden iň soňkusy ene bolsun. Oňa ýüzbe-ýüz dur we hoşlaş. Oňa mähirli bak. Onuň ýüregine şatlyk sal. Onuň ýanynda uzagrak eglen. Soňra ýola düşmeziňden owal iň soňky çykan ýeriň enäniň huzury bolsun. Enäniň ak patasyny al, enäniň alkyşy Allanyň idini bilen hökman hasyl bolýandyr. Eger başga şäherde ýa-da alys bir ýerde ýaşaýan bolsaň, onda yzygider, wagtal-wagtal telefon arkaly habarlaşyp dur.
Uzak ýoldan, sapardan geleniňde, ilki salam bereniň ene bolsun. Enä salam ber, onuň ýanynda otur we halyny içgin sora. Sapardan sag-aman dolananyň üçin eneňi rahatlandyr, ynjaldyr. Geler wagtyňy biraz öňünden eneňe duýdur, duýdansyz peýda bolup, birdenkä gelip, ýüregini elewretme. Duýdansyz gelmegiň ony has begendirer we gaýta bu oňa zyýan etmegi mümkin. Sapardan gelen badyňa derrew enäniň ýanyna howluk, “Soňrak habarlaşaryn”, “Bu wagt baryp bimaza edip ýörmäýin” diýen ýaly ýerliksiz içgepletmelere ýüregiňi eýeletme. Enäniň ýanyna barmak üçin hiç wagt hem nälaýyk däldir, çünki ene perzendini görüp ynjalmasa, onuň başga rahatlygy, karary ýokdur. Perzendine gözi düşenden soň enäniň ýüregi rahatlanyp, ynjalyk tapýandyr.
Saparda wagtyň wagt we mümkinçilik tapyp, azajyk hem bolsa, ene bilen gündelik habarlaşyp dur. Şojagaz söhbetdeşligiň enäniň ýüregini neneňsi şatlandyrýanyny, aladasyny egisýändigini, howatyrlanmasyny aýyrýandygyny, gaýgysyny giderýändigini bir bilseňdiň!
Ony gündelik görmäge çalyş, halyndan habar alyp dur. Eger bir şäherde, bir sebitde, bir kentde ýaşaýan bolsaň, muny bitirmegi özüňe borç bil. Onuň bilen içgin söhbetdeş bol. Bu enäniň hakyny ödemegiň ujypsyzja bölegidir. Enäniň perzende bolan mährine, hormat-mertebesine görä onuň göwnüni tapmaga çalyş. Salama baranyňda, howlukmaç yzyňa dolanmaklyk ýa-da gaýta-gaýta goşar sagadyňa göz aýlap durmaklyk gelşikli däldir. Enäniň haky bu zatlardan has beýikdir.
Eger eneden uzakda, başga bir şäherde ýaşaýan bolsaň, onda gündelik ýa-da günaşa telefon arkaly onuň bilen habarlaşyp dur. Her näçe iş-aladaň köp hem bolsa, bahanalara duwlanman, gündelik habar alyp dur.
Enäni begendirmegiň ýene bir iň gözel usullarynyň biri, eneň gowy görýän, halaýan ynsanlary bilen dostlaşmakdyr. Ene üçin perzendiň belli bir gymmaty ýok, perzent ene üçin iň eziz zat, şonuň üçin doganlaryňa hem güler ýüzlülik bilen gara, ýumşak, mylaýym bol! Olaryň hajatyny bitirmäge çalyş, kömekleş! Durmuş ýollarynda arkalaryna daýanç, goltgy bol! Öz ösdüren (terbiýelän) nahalynyň süýji miweli daragt bolup ýetişendigini görmegi enäni örän begendirýär. Bu bolsa tutuş maşgala oňyn täsir edýär, ýakym we ýalkym çaýýar.
.jpg)
Комментарии
Отправить комментарий