Hekaya... Beýle bolar öýtmändim (Dowamy).


 Ahyry bizar bolandyrda, jan urmasyny goydy. Gelnejem bolan wakany eshdipdir, Gulnar shol tanshan oglanyny gudacylykdan kowupdyr, yogsa toyun sahedem bellenen eken. Gelnejem gyssanmac atasy oyne gitdi, ertesi dolanyp gelenson mana shu habary aytdy:

-Gulnaryn guda bolan yerleri yzarlanyar. Barjak oglanynyn kakasyny yygnapdyrlar, oglanyn ozunem soraga cagyryalar. Onun oylenmanka bashgada heleyler bilenem hymy-symysy barmysh. Huday saklasyney Gulnaryn dushup yoren gunune sereda, nebir gunun bardy, mes heyran - diyip gelnejem aglayardy.
Gelnejem yene mana yuzlendi:
-Sen hakdada sorady, guda bolanymyzy aytdym. Gorguli oturyp erbet aglady, eden ishine gaty okunipdir. Yuwurjim, menden sana hayyshym, sen bir indi goshulayma shu mesela, hayysh edyan. Gulnar jigimem bolsa, senem ondan kem dal. Menem shu oyun abrayy, ojagy diyip ylgayan, Gulnar ucin pikirem edaymegin indi, gudacylyga zeper yetaymesin. Owalam ikinizi tanyshdyran bolup shu ikarada men gepe galdym, goyun indi shu meselani...
-Yokla gelneje, sende guna yoga. Senem bizi bagtly etmek ucin tanyshdyrdyn, gowy niyet bilen aramyzy sazlapdyn. Natjek, bolan ishe care yok, Gulnar indi bagryny paralasada ol indi menki bolmaz. Yone bolmandyr, hemmesini yene ozune etdi.
Sheydibem gelnejem bilen aramyzdaky gurrun dyndy. Dine toyun aladasyny edip bashladyk. Yeter yetmezlik gursun, turkmen toy etse bergisiz toy etmez diyleni, toyada kan harajat gerekdi. Aknur bilenem kate habarlashyp durdum, galyny o diyen agyram salmandy. Ilden cykmayyn diyip ile gora boldy. Bir gun ishdekam Aknur jan etdi. Gurleyshinden yagdayy owerlik daldigi bellidi. Gyssanmac dushushmagy aydyardy. Aknur dushushyk yere geldi:
-Aman, men senden bir zady sorajak, cynyny aydarmyn?
-Ayt, hakykaty gizlap name edeyin, yeri name boldy?
-Sen on Gulnar diyen bir gyz bilen soyushdinmi, yagny oz gelnejen jigisi bilen?
Aknura bir gurrunin yetenini andym, yalan diysenem beter bolar bu. Hakykaty aytmakdan bashga alac galmady. Gepi gummi-summa urdum:
-On soyshen bolupdym biraz wagt, gowneshmanem ayryldyk yene. Yeri bu nama gerek?
-Allama, sen onun bilen gaty gowy soyshupsin, bu gurrun ile dolupdyra. Haywan, name meni samsykdyr oydyarmin, namyssyzdyr oydyarmin?
-Yeri, yeri gyzyberme, kim sana beyle gep berdi, bira gulagyna gowy munupdir senin. Hawa soyushdim, derekli gyz bolmansonam arany ayyrdym.
-Gulagyma munenoklar, adam gepem berenok. Irden atelyede ishlap otyrdyk, shonda gyzlan biri sheyle gurrun tapdy: "Sizin obanyzda Aman diyip bir oglan barmy?" diyip sorady. Aydyshy goni seni salgy beryardi. "Ana shol Aman diyilyan oglan bizin obamyzda Gulnar diyen bir gyz bilen soyushdi. Indi hem olar sogushipdirler. Gulnar nace aglasada peydasy yok, oglan biwepalyk edip bashga birine gudacylyga barypdyr. Muny butin oba yazgardy" diyip gurrun berdi. Men ona: "Goysana gyz, sen yalnyshyan bolayma?" diysem, senin gelnejene cenli salgy berip otyr. Gaytam mana aydyar: "Muny oz obanam yetmish yashlysyna cenli bilyar, yeri sen pilin gulagynda uklap yormun" diyip gyjalat beryar. Atelyeden nahili cykyp gaydanymy bilemok, haywan men sana oynatgy boldummy indi, sen mana muny namucin on gurrun bermedin? Adam yaly aytsan dushunjega, ey Huday, men senin bilen on soyushmesemde dashyndan halardym. Senem meni mydama gowy goryansin oyderdim, emma beyle dal eken...
-Goyhow indi sho gurruni, yalan olar yaly gurrunler, hawa soyushdim, sonam sogushdim. Ol meni halamady, shon ucinem ol gitdi.
Men ona ahli bolan wakalary jikme-jik gurrun berdim. Aknur sonky sozlerimi dinlejegem bolmady, yzyna owruldide aglap gitdi. Bolup gecen yagdaya gaharym gelyardi, ynanasymam gelenokdy. "Yeri soyshemde name, bilmedik bolda geziberda, yzyna dolajak gumanyn barmy indi, namys eden bolyamysh..." sheyle oylar bilen danymy atyrdym. Aylayan janlaryma jogap berjegem bolanokdy, ocuripdi. "Ozi koshesherda, duydurmanlygyma gaty gorendir" diyen umyt bilen ozumi ynjaltjak bolyardym.
Aknur ertesi birden jan etdi, "galynyn hatyny yzyna ugrat, gudacylyk gurruni gutardy..." yene uznuksiz janlam bashlady, jogap berenokdy. "Koshesherda" diyen niyet bilen yene sesimi cykarman geziberdim. Aradan iki gun dagyn gecipdi, oydakiler bu zatlardan habaram yokdy, aytmagada cekinyardim, umydym bardy biraz. Gunorta ejem mana yuzlendi:
-Oglum, yenede Aknurlara gidip galyny biraz azaltdyraysak nadyar, gyzyl broshkany ayyrdyp bilsega toyun sahedini bellabermeli bolyas, shol saklayar bizi?!
Men ejeme name jogap berjegimi bilmedim, gepi cop calama urdum:
-Ozuniz bir zat edaymeseniz eje, mena indi zat ayyrdyp bilemok, getir diyip ayak dirap dur, baryp cozlushaymeseniz...

Комментарии