Hekaya... Beýle bolar öýtmändim (Dowamy).

 

Ejem bilen gelnejem Aknurlara gitdiler.

Dort sagat gecipdi, entegem dolanyp gelenokdylar, icimi it yyrtyardy, «name habar getirka, Aknur bularada belli jogap beraydimika» diyip gara janym galmandy.
Ahyry geldiler, gelnejem gelshine yuzume aladaly cinerildi:
-Toyun aladasyndan arkayyn bolay, gaytam galynyn yene ustune yelmediler...
-Dushunmedim gelneje?
-«Gyzyldan ayryn birini» diyip yalbaryp otyrdyk ejesine, ishikden ol gyz girdide onumize yene bir haty patladyp goydy «shularam akelin, bolmasada arkayyn bolayyn» diydide gapyny yapyp zut gitdi. Biza naman namediginede dushunip bilman galdyk yuwurjim. Haty okap bashym aylanyp gitdi, yazan bahasy onki galyndanam gymmat. «Bu ne beyle?» diysek, ejesem zada dushunman otyr. Ey Huday, bu bolup yoren zatlara mena aklym hayrandyr. Yeri, indi name etmeli borka, «getirmesenem hanha ishik, yoraberin» diyip dur ola, ozun gurleshaymesen - diyip, gelnejem bolan ishlere dushunman janygyardy.
-Onda gaydyberin gelneje, gownemeyanligidir, hatynam yzyna ertin.
Bu sozume gelnejemin gozleri tegelendi:
-Gyyw, bu ne bolush, size ne dow caldy? Arada baramyzda hem ozi sana salam ugradyp otyrda, yeri indikisi nameka yuwurji? Yada sen gaty-gayrym bir zat diyena dalsinda ona, sana pylanam diymeli dal?..
Men gelnejeme gowni bir yaly jogap berdim:
-Hic zadam bolanok, yone ikimizem gatybir jynymyz alyshmady, bolany gelneje. Bu yerde hic kimdede guna yok, sonam yashashmak kyn bolar bize. Shon ucinem gaydyberin arkayyn.
Oydakiler menden sebabini nace sorasalarda aytmadym, aydanda indi peydasy barmy, diyjegini diyipdir ol eyyam. Gelnejemdir, agalam bolan yagdaylardan bihabar bolsalarda «gowneshen daldirlerda son» diydilerde onaydylar.
Gudacylygam yatyryldy sheydip, gyzam gulak asmandyr oyundakilere. Yogsa olaram yalbarypdyr, cynmy yalanmy aydyshlary sheyle. Aknuryn ejesi bilen ejem jorady, ikisem halycydy. Bir egne yigrimi yyl ishlapdirler, kate oye gelyardi ejemin yanna caylamaga. Duynem ozi gelip ejeme yalbardy, bolan zatlara dushunmandigini aydypdy. Ejem gaty gormandi, «ozleri dushunishyan daldirda yashlan» diyip jorasyna gowunlik beripdi. Ejem kan gurlemezekdi, sada mylayym hasiyeti bardy, kayinen yerini gormezdim. Ejemin shu hasiyetini gaty gowy gorerdim, emma bu hasiyeti mana kanbir gecmandir. Agam yone ejeme cekipdir, olam kan geplemezekdi. Elbetde, men ejem bilen Aknuryn ejesinin gatnashygynyn bozulmagyny asla islamokdym, olar mydama yuregini bir-birine ynanyardylar. Sheyle gatnashygy men yenede isleyardim.
Emma Aknura name gerek diysene, men ol gyzy beyle dogumlyjadyr oytmeyardim. Dashyndan seretsen yuwash, sadaja gyz yalydy. Yone golay barsan ot yaly yakyp tashlajak diyilyanlerden eken. Nama gerek bu zatlar, soyshemde name diysene, boldun bashyma namysly gyz. Belki entek ol yumshashar, biraz ara wagt salayyn. Bu yerde erbet zadama yok, men ona yamanlyk eder yaly. Ehh, shu Gulnar ara sokulmadyk bolsady, hemme zat gulala gulluk boljakdy. Yeri, mena men, senin shol yalnyshlygyn, gor, bashga yene nace kisha oz tasirini yetirdi. Indi ozuna bir yalnyshdyn, gor nacelerinem shol yalnyshdan sharpyk datmagyna sebap boldun, ehh Gulnar... Mumkin, bu yazgytdyram, boljak ishi onunden bilip bolyarmy name. Yone entek bu zatlara biraz cykalga bar ahyryn, Aknur entek gowshamagam mumkin, gahary yatysharam. Yenede ugruna cykayyn, ahyry bir gun duwni sokulerda...
Yatsam tursam sheyle oylar hic anymdan ayrylmayardy. Dostlam bilenem kate gabatlashyp dursamam olar bilen onki yaly gyzykly gurrunleri etmek galyp baryardy. Ishde-de bar pikirim Aknur hakdady. Men ol hakdaky pikirleri anymdan naler kowjak bolsamda, gur beren sinekler yaly, ustume yene tazeden gonyardy. Jan etsemem almayardy, jorasy Bagtygul bilenem aram sazdy, shondan habar ugratsamam peyda berenokdy. Ol bizi yarashdyrjak bolup elinde baryny edyardi, emma basha baranokdy. Aknur beyle kejirdir oytmeyardim.
Bir gun ish ustunde otyrkam telefonuma uytgeshik nomerdan jan geldi, gurleyan gyzyn sesidi:
-Alo?
-Alo, salam Aman, yagdaylan
gowumy?!
-Salam, shukur onatcylyk. Yogsada sizi tanamadymla?
Anyrdan tanyshja gulki sesi eshidildi:
-Ay goya, eyyam yadyndan cykaydymmy, mumkin unudansynam?..
Bu ses, birwagtky tanysh sesdi...

Комментарии