Hekaya. Beýle bolar öýtmändim


 Irden bashlan toy gyzyshyp ugrapdy, bagshyn aydyan aydymlary toya gelenlen gulagyna hosh yakyardy. Gelnalja gitmeli wagt golaylap gelyardi, emma Gulnar entegem gara berayenokdy. Men gyssanyp ona jan aylayyn diyip durkam birden onun ozi jan edaydi. Begenip shobada telephony goterdim:

-Bagyshla Aman, men bu gun gundiz toya baryp biljek dal, ishim cykdy, aghsamlyk stola baraymasam!..
-Ay sena onaraydyn, o ne beyle ish, ertire goyay, olar yaly hokmany ish daldira?
-Neme, dushun bir zada, menden gaty gorme?! Yany irden toya shaylanyp durdum ozumem begenip, joram jan etdi. Guda boldular diyan joram shu gun shol oglan bilen gorme-gorshe gitmeli eken. Natjek, bir-birini on gormansonlar shu gun ene-atalary gorushsinler diyip maslahat edipdirler. Manada yalbaryp dur gidayeli diyip. Joramynam yuzunden gecibilmedim, gaty gormayda menden. Men sana yok diyemoga, agsham stola hokman barjaga – diyip Gulnar telefonda nayynjar ozelenyardi.
Onun diyanleri dogrudy, jorasyna onrak guda bolupdylar. Manada gurrun berende calaja kakdyrypdam, hacan bizem idarlerka diyip. Onun mana, indi sanada cen boldy, ugradyber diydigidi. Doganoglan agalarymyzyn yogalmagy sebapli oyde entek toyun gurrunem edilmeyardi.
-Alo, eshidyarmin sen, jogap berayda Aman – diyip anyrdan Gulnaryn sesi gelyardi.
-Yeri bolyada, onda agsham stola geljegine welin soz ber?
-Wah, hokman-hokman barjak, senem men yok diyman gaty akyllyja bolgun, tutan mashynyny gyzlardan doldurayma, sana ynam yokdur – diyip gulup telephony goyup hoshlashdy.
Mashynlar duydyllap gelnalja gitmeliler hatar duzlup signal berip ugradylar. Gunduzki toy oz showhuny bilen sowuldy. Aghsamlyk stola tayynlyk gorlup bahslandy. Restoranyn icinde bashlanan aydym saz toya gelenlerin gownuni acyardy. Inede Gulnar jorasy bilen toya geldi, onun syratly keshbini goremde ozgelerden gabanyp ugrardym. Gabanmazcada daldi, sadalygy hasam beter ozune bendi edyardi, gulnar diysen gulnardy. Bir stolda oturdyk, men onun yuzune seredemde bir unjuni duydum, onki gulup duran yuzi hazir uytgapdir. Ondan gundizki dushushyk hakda sorashdyrdym. Only jogap alyp bilmedim, biraz gurrun berdide onaydy. Toyun showhuny yetjek dererejesine yetipdi, hemmeler tans edyardi. Shatlykly yuzleri gorende tans edesin gelip durdy. Tansy teklip etdim, onlamady, ozun cykay diyip mana yuzlendi. Tans edibem keypim bolmady, nazarym onda eglendi durdy.
-Yor dash cykaly, sergin howada aylanarysda?
-Yor - diyip Gulnaram gowunjen boldy. Gijeki howan oz shahdacyk tasiri bardy, owadan cyralar gulleregelshik berip durdy. Anyrraga gidip bir oturgycda cokduk.
-Yeri sana name boldy, keypsiz gorunyanle bu gun, aytda?
-Name bolsun, ay yone biraz shu guna keypsizrak – diyip Gulnar gozuni bir nokada dikip jogap berdi. Onkuler yaly aramyzda mesawy gurrunler bolmady.
-Meni oye ugratsana?
-Eyyammi, toy yany gyzyshda, goysana yor gideli, tans edeli!
-Men oyun edemok Aman, bolmasa ozumem giderin – diyip Gulnar tasanjyrap yerinden turup ugrady. Men hic zada dushunmesemem ony mashynly oyne dushurip gaytdym. Bir ishin bolany bellidi, yone namedendigini anyklap bilmedim. Toydan sonam kan jan edip ugradym, telephony bir gezek alsa uc gezek alanokdy. Dushushygam gowneman ugrady, ejesi bilenmish, gadagan edenmish. Ejesi biz hakda azajyk habarlydam, gelnejem aydypdyr. Gowneshseler bolyar diyip olam razylyk beripda. Yeri indiki name, men bu zatlan anyrsyna hokman yeterin diyip ugruna cykdym. Sonky dowur halys was-wasa donupdim, kellame herhili pikirler gelip ugrady. Men hakda bir tohmet eshdaydimika, yada bashga biri bilen arany sazlaydymyka… Men muny piker etmagede gaharym gelyardi. Yone gownume sheyle yalydy, sona hasam goz yetirdim. Arada gelnejem oyne gidip gelipdi, men hakda bir gurrun akeljegi bellidi. Gelshine gaharly Gulnara hunurdeyardi:
-Mena shona dushunmedim yuwurjim, birhili bolshy. Sen hakda sorasam only alan jogabym bolmady, indem gownamok diyip oykanjyrap otyr. Yeri tapjagy senden gowumyka – diyip aglayardy. Men anyk goz yetirdim, kimem bolsa bir dogumlyja yigit Gulnaryn bashyny aylamagy basharypdyr, yone nadip… Telefona yapyshyp ayagaldygyna Gulnara jan edyardim, on gezek dagyn aylamson ahyry aldy:
-Tuweleme, adamlary oynap goryan peydan name?
-Ilki bilena salam bermeli, onsonam men kimi oynanmyshym?
-Yadyndanam cykaydymy, onda kandirda oynayanlan?
-Men hic kim bilenem soygi oynuny oynamok, sanada nesibedir diyipdim, kellani gowja ishlet.
-Onda name dushushdyn men bilen, yada men samsykmy onda, dushunmeyandir oydyamin?
-Mumkin, dushunyan dalsinda, belki dine dostluk ucin gurleshendiris.
Gulnaryn beryan icyakgyc jogaplary menin beynimi sarsdyryp gidyardi. Gurrunin yzy sonabaka sogushe yazyp ugrady, sheylelikdede gutardy. Men son hemmesine goz yetirdim, shol toy guni jorasy bilen dushushyga gidende, jorasynyn barjak yoldashynyn dosty munun gozuni-bashyny aylapdyr. Mashynly, gurplyja, birinin yeke ogly, Gulnara gozi dushende halapdyr. Ugruny yekelap mashynly olary aylapdyr, shaherdaki magazindir, toy zallaryna cen gorkezipdir. Oylerinin koshk yaly bezelshine bashy aylanan gyzynam gowni owsunypdyr. Men onun yanynda yonekey san bolup galypdyryn. Bu zatlary eshdip yaman gaharym geldi, gecdigi bolsun diyip ol gyzdan allananlygyma, yone wagtynda allananlygyma shukur edip geziberdim. Arada gelnejem bir habary aytdy, Gulnara shol oglanyn mashgalasy gudacylyga gelipdir, olam razylyk beripdir. Meninem mashgalam ugruma cykyp ugrapdy. Bir gun cay bashynda ejem menden maslahat sorady:
-Oglum, Dowlet pahyrynam indi yyly gecdi, indi toyun aladasy bilen bolubersek nader, senem ugruna cykaysak?..
-Bolar eje, mana tapawudy yok.
-Goz onune tutyanyn barmydy?
-Yok eje, senin tapanyn bolar, mana sho yetik – diyip kesgitli jogap berdim.
-Gulle ejan gyzy Aknur nahili, gownarmin, ishennirje gyz, oban gyzy tanap yoren yerlerimiz – diyip ejem cekinjen yuzlendi. Onem ejemin goz onune tutyany sholdy, sheyle diyjeginem anyk bilip otyrdym.
-Bolar eje, arkayyn bolay menden, sholara baryberin.
Sheydibem ejem bilen gelnejem Aknurlara gudacylyga gitdiler. Olaram geliberin diyipdirler. Guda bolundy, hatyna cenli alyndy, dine toyun aladasy bilen bolubermelidi. Gudacylyga ugradan yerim onem tanysh yerlerdi, gatnashylyan gapydy. Aknuram gowy gyzdy, klasdashymdy. Dashyndan onem ony erbet goremokdym, Gulnara dushmakam gownumem yok daldi, onunam mende cala gowni bardydgynam bilyardim. Emma Gulnar arada hemme zady bulashdyryp gidenson ol gyzam yatdan cykypdy. Ine yenede shol gyz, yone Aknur bolan wakalardan habaram yokdy. Ol wakalary ona aytmagyn geregem yokdy, name etjek onunam yureginde biderek duwun goymak. Gecen zat gecdi gitdi, dolanyp geljek gumany yok. Eshdayse kowmakdanam gaytmaz. Men Gulnar hakda indi aslada piker edemokdym, gaytam erbet yigrenipdim. Basym toyun sahedini bellejek bolup yorduk, bir gun telefonyma uytgeshik jan geldi. Atsyz tanysh nomer, bu nomerin adynam ozunem telefonymdana dal, yuregimdenem bir wagt udalit edipdim. Yalnysh aylaydynyz oydyan hanym, sen nadip, na kellane jan edyan diyip telephony almadym. Goyar yerde goymady, jan edyan Gulnardy. Ahyry goymanson trubkany galdyrdym:
-Alo, dinleyan?
-Salam Aman, men Gulnar! Eshidyarmin meni, bagyshla meni Aman, hayysh edyan bagyshla?! Meni biraz dinlayda, men yalnyshypdyryn, biz indi gudacylygam yatyrdyk, birje minut aytjak zatlam bardy…
Gulnar aglap, mana bir zatlary dushundirjek bolyardy. Men telefonumy shobada ocurip tashladym..

Комментарии