"Watana bolan söýgi". Awtory-Gurbannazar Ezizow. #goshgular #GurbannazarEzizow. Görmedik baglaryň gözel ýalydyr, Görmedik ýurtlaryň täsin ýalydyr.
Geň-taň işler bolup geçýär dünýädeGözler mydam görmediginiň zarydyr.Müsür piramidalarynyň öňünde,
Namazyny okap gutaran fellah,
Guwansa-da Niliň keramatyna,
Ýene Eýfel, Jamna edýändir telwas.Garagumyň bar depesin bilsem-de,
Gözlerim ýene-de Saharaga zar.
Her näme diýsegem, görmedik zadyň,
Gadagan edilen gadyrly bolýar.Şeýdip, uzak ülkelere gidýäris,
Göz bilen gulaga dönüp durşuna.
Syn edýäris garyplygyň, baýlygyň,
Ejizligiň, wagtyň akyp barşyna.Bizi haýran edýär özge binalar,
Kiçi, uly ýurtlaň gadymy däbi.
Arapda çekilen derdi-azarlar,
Şarapda müňleriň pygany dälmi?!Keşt edip ýörüs biz ýakyny-ýady,
Der ysyna mäjum edip köýnegi.
Şeýdip, öwrenýäris teşnelik bilen
Öz iliňi, Watanyňy söýmegi.

Комментарии
Отправить комментарий